PANDEMIÝA AIW-E GARŞY GLOBAL GÖREŞI HAÝALLADÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

aiw e garsy global goresUNAIDS-iň täze hasabatyna görä, iki ýyl bäri dowam edýän pandemiýa we deňsizligiň artmagy sebäpli AIW-e garşy global göreş örän haýallady.

Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa dünýäde AIW epidemiýasynyň iň çalt ýaýraýan sebitidir. 2021-nji ýylda sebitde AIDS bilen bagly keselden ölenleriň sany 2010-njy ýyldakydan 32% ýokary boldy.

↪ Opioid bejergisi Türkmenistanda elýeterli däl.

↪ Geçen ýyl 650,000 adam AIW bilen bagly kesellerden öldi.

↪ 2021-nji ýylda 1,5 million täze AIW ýokuşmalarynyň hasaba alynmagy BMG-nyň 2025-nji ýyla çenli her ýylda AIW ýokuşmasyny 370,000-den pese düşürmek maksadyna ýetip bilmejegini görkezýär.

Sitata: "Bu hasabat AIDS-e jogap berşe global derejede howp abanýandygyny görkezýär. Çalt öňe gidişlik gazanmasak, COVID-19, köpçülikleýin migrasiýa we beýleki krizisler sebäpli kesel möwjär." – diýip, UNAIDS-iň ýerine ýetiriji direktory Winni Byanyima aýtdy.

Gowy habarlar:

↪ 66 ýaşly bir adamyň leýkozy bejermek üçin ulanylýan öýjük transplantasiýa bejergisini alanyndan soň, AIW keselinden gutulan bolmagy mümkin. Ekspertler örän zäherli bolan bu bejerginiň diňe ölüm howply ýagdaýdaky hassalarda ulanylmalydygyny aýtdylar.

↪ Bir aýal 2006-njy ýylda alan immunostimulýasiýa bejergisinden soň wirusdan ejir çekmeýär. Onuň immun ulgamy 15 ýyldan gowrak wagt bäri wirusy köpeltmän saklap gelýär.

  • 688 gezek okalan