TÜRKMENISTANDA LGBT ADAMLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

turkmenistanda lgbt adamlarMerkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem jynsy orientasiýa we gender şahsyýetligi meseleleri henizem tabu hasaplanýar. "Türkmenistanda LGBT adamlar: Görünmeýänler, Diskriminirlenýänler we Ýazgarylýanlar" atly täze gysga hasabat Türkmenistanda LGBT-leriň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada maglumat berýär. Hasabat degişli kanunçylygyň we tejribäniň häzirki ýagdaýyny hem-de ýurduň 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alany bäri bolup geçen üýtgeşmeleri seljerýär. Şeýle hem, hasabatda geteroseksual däl adamlary diskriminirleýän, kemsidýän, däp bolan sosial-medeni kadalaryň we tejribeleriň saklanylmagyna gatnaşýan adamlar kesgitlenilýär.

Bar bolan diskriminasiýa kadalary we tejribeleri, geýlere garşy kanunlaryň bozulmagy, gynamalar, rehimsiz çemeleşmeler, şeýle hem maglumat çeşmelerine, esasy hyzmatlara (AIW barlagy we bejergisi) elýeterliligiň ýoklugy sebäpli LGBT adamlar gündelik çynlakaý psihologik meselelere we saglyk töwekgelçiliklerine sezewar bolýarlar. Şol sanda, öz içki gomo-, bi- we transfobiýalaryny daşardan goldaw bolmazdan ýeňip geçmeli bolýarlar. Bu ýowuz gurşaw geteroseksual bolmadyklary öz isleglerini gizläp ýaşamaga ýa-da ýurtdan gaçyp (iň gowy ssenariý), LGBT-leriň ýazgarylmaýan ýurtlaryndan gaçybatalga gözlemäge mejbur edýär.

"Sodomiýa" (beçebazlyk, birmeňzeş jynslylaryň arasyndaky gatnaşyklar) maddasyna laýyklykda (135-nji madda), özara razyçylykly jynsy gatnaşyk edýän erkekler iki ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner. 2022-nji ýylyň aprelinde Jenaýat kodeksine girizilen soňky üýtgeşmeler hökümetiň LGBT barada syýasatyny üýtgetmek islemeýändigini tassyklaýar. Täze kodeks "beçebazlyk" maddasynyň belgisini 135-den 133-e üýtgetdi we razyçylyksyz gatnaşyklaryň jezasyny 8 ýyla çenli (öň 6 ýyldy) azatlykdan mahrum etmeklige ýokarlandyrdy. Ýurtda birmeňzeş jynslaryň arasyndaky jynsy gatnaşyklar adam zorlamak we adam öldürmek ýaly agyr jenaýatlara deňeçer hasaplanyp, 14 ýaşdan jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinýär.

U.Walodziniň hasabatyna görä, 1946-1991-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-de 772 adam "sodomiýa" sebäpli jogapkärçilige çekilýär. 1991-nji ýyldan bäri jogapkärçilige çekilenleriň takyk sany belli däl.

Ilat arasynda gomoseksuallyga garşy giňden ýaýran negatiw garaýyşlar bolsa-da, raýatlar LGBT-lere garşy gönüden-göni fiziki zorluga seýrek baş urýarlar. Emma, hukuk goraýjy işgärleriň geteroseksual däl adamlara garşy zorlugy, gynamalary, elhenç daraşmalary we adamkärçiliksiz hereketleri, şol sanda lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmezligi giňden ýaýran.

Çeşme

  • 813 gezek okalan