TALYBANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDA BIR ÝYL

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

talyban bir yyl15-nji awgustda Talybanyň Owganystany täzeden ele alanyna bir ýyl doldy. Bu döwürde ýurt ynsanperwerlik krizisine sezewar boldy we bir nesil gyzlaryň gelejegine badak atylyp, mekdepde okamak gadagan edildi. BMG görä, ilatyň ýarysyna golaýy ýiti açlykdan ejir çekýär.

UNICEF-iň täze derňewi Talybanyň gyzlary orta bilim almakdan çetleşdirmeginiň uzak möhletleýin täsiriniň boljakdygyny duýdurdy:

↪ Geljekde lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi;

↪ Ýetginjekleriň göwreliligi bilen bagly saglyk çykdajylarynyň ýokarlanmagy;

↪ Ýaş gyzlaryň ekspluatasiýa we zorluk töwekgelçiliginiň ýokarlanmagy.

Saglygy goraýşa berilýän kömegiň kesilmegi: Keselhanalar maliýe serişdeleriniň kesilmeginden kynçylyk çekýärkä, Kabuldaky lukmanlar ýaş pasiýentlerini bejermegi dowam etjekdiklerine wada berdiler.

"Lukmanlaryň ählisi ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, aýlyk berilmese-de, uruş bolsa-da, halka hyzmat etmäge söz berdiler. Käbir kynçylyklarymyz bar, emma bu kärdeşlerimiziň işlemegine hiç wagt böwet bolmaýar" – diýip, Kabuldaky Indira Gandhi hassahanasynyň lukmany Mohammad Arif Hassanzai aýdýar.

  • 624 gezek okalan