ŞOTLANDIÝA “AÝBAŞY GARYPLYGYNYŇ” SOŇUNA ÇYKDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

aybasy garyplyga sonTäze kanunyň güýje girmegi bilen, Şotlandiýa dünýäde mekdeplerden we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinden mugt aýbaşy önümleriniň üpjün edilmegini talap edýän ilkinji ýurt boldy.

2020-nji ýylda biragyzdan kabul edilen we şu ýylyň 15-nji awgustynda güýje giren Aýbaşy Önümleri Akty aýbaşy önümlerini "jemgyýetçilik hajathanalarynda hajathana kagyzy ýaly" elýeterli etmegi maksat edinýär.

"Hey Girls" hukuk goraýjy toparyna görä, Şotlandiýada dört aýaldan biri aýbaşy garyplygy (aýbaşy önümlerini satyn almakda kynçylyk çekmek) bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

"Supermarkete gideniňde bir paket makaron ýa-da bir guty tampon satyn alyp biljegiňi saýlamaly bolýarsyň. Bu şeýle ýönekeý" – diýip, "Hey Girls" toparynyň ýolbaşçysy Georgie Nicholson aýdýar.

Beýik Britaniýanyň beýleki ýerlerinde: Hökümet COVID döwründe gyzlara mekdeplerde mugt aýbaşy önümleriniň üpjün edilmegini talap edipdi. Indi onuň möhleti 2024-nji ýyla çenli uzaldyldy. Gyzlar hukuk goraýjy toparlaryň üsti bilen resmilerden aýbaşy önümleriniň hemişelik mugt edilmegini talap edýärler.

Ýakynda geçirilen barlag Birleşen Patyşalykda üç gyzdan birine henizem aýbaşy önümleriniň elýeterli däldigini görkezdi.

  • 637 gezek okalan