TÄZE GENIPAWIRUS LANGÝA BARADA DUÝDURYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

genipawirus langyaHytaýyň gündogarynda ýüze çykan täze genipawirusyň pandemiýa döretme ähtimallygy pes bolsa-da, wirusyň gelip çykyşy baradaky täze barlag zoonoz wiruslaryň (haýwanlardan adama geçýän) aňsat we duýdansyz ýaýramagynyň mümkindigini görkezýär.

Wirus ilkinji gezek 2018-nji ýylda gyzzyrma, kelleagyry, üsgülewük we ýürek bulanma bilen keselhana ýerleşdirilen daýhanda anyklanyldy. Şondan bäri, Şandong we Henan regionlarynda şoňa meňzeş simptomlar 35 adamda tapyldy. Häzire çenli ölüm hadysalary habar berilmedi.

Kesel gyzylguýruk syçandan ýaýraýarmyka? Alymlar gemrijilere meňzeş gyzylguýruk syçanlarda 71 dürli ýokanç keselleri anykladylar – bu adamlardaky infeksiýanyň çeşmesiniň gyzylguýruk syçanlaryň bolup biljekdigini görkezse-de, keseliň anyk sebäbi näbelliligine galýar.

Sitata: "Dünýädäki zoonoz hadysalaryň sanyna gaty äwmezlik edýäris we bu (Langýa wirusy) entek diňe aýsbergiň ujy" – diýip, Gonkong uniwersitetiniň jemgyýetçilik saglyk mekdebiniň professory Leo Poon belleýär.

Çeşme

  • 748 gezek okalan