YRAKLY LUKMANLAR NYŞANA ALYNÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

yrakly lukmanlarYrakly lukmanlar ýurtdaky lukmanlara edilýän hüjümleriň köpelmegi bilen öz saglygy we howpsuzlygy barada alada edýärler.

Awgustyň başynda çap edilen sowalnama görä, Bagdatly lukmanlaryň 87%-i COVID-19 pandemiýasy döwründe syrkawlaryň ýa-da olaryň maşgalalarynyň edýän zulumymyň artandygyny habar berdiler.

Zulumlaryň sebäpleri:

↪ Howpsuzlyk çäreleri gowşak we zulum edijiler jogapkärçilige çekilmeýärler;

↪ Yragyň ýarag ulanma medeniýeti;

↪ Köp sanly myhmana pasiýentiň ýanynda galmaga mümkinçiligiň berilmegi;

↪ Klanlaryň haýbat atyp, lukmanlary howpsuzlygy üçin tölemäge mejbur etmegi.

Beýni gaçaklygy: Zorluk 20,000 töweregi lukmanyň ýurtdan gitmegine iterdi.

"Ozal ‘beýni syzmasy’ bilen baglanyşykly meselämiz bardy... Indi ol "beýni gaçaklygyna" öwrüldi. Zorluk sebäpli beýnilerimizi Yragyň daşyna gaçyrýarys" – diýip, epidemiologiýa professory Riyadh Lafta aýdýar.

Çeşme

  • 630 gezek okalan