TÜRK LUKMANLARYNYŇ EMIGRASIÝASY ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

turk lukmanlarynyn emigrasiyasySoňky on ýylda iş şertleriniň agyrlaşmagy sebäpli Türkiýäni terk edýän lukmanlaryň sany köpelýär.

2012-nji ýylda bary-ýogy 59 lukman daşary ýurtlarda işlemäge mümkinçilik berýän – hakykylyk kepilnamasyny almak üçin Türk lukmançylyk birleşigine ýüz tutupdyr. Şu ýylyň awgustyna çenli eýýäm 1,402 lukman ýurtdan gitdi. 2022-nji ýylyň ahyryna çenli takmynan 3,000 lukmanyň hakykylyk kepilnamasyny almagyna garaşylýar. Bu bolsa 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende Türkiýäni terk eden lukmanlaryň sanynyň 50 esse artandygyny görkezýär.

Türk lukmançylyk birleşiginiň jemgyýetçilik saglygy ekspertlerine we analitiklerine görä, emigrasiýa ykdysady krizis hem-de lukmançylyk işgärlerine garşy zorlugyň köpelmegi sebäp bolýar. Türk lirasynyň (TL) soňky bir ýylda dollara garşy hümmeti 50% gaçdy. Türk statistika institutynyň (döwlete degişli) habaryna görä, 2022-nji ýylyň awgustynda inflýasiýa soňky 20 ýylda iň ýokary derejä (-79.6%) ýetdi. Emma, inflýasiýa gözleg toparynyň (döwlete dahylsyz gurama) beren sany 176%.

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda maşgala lukmanlarynyň bir topary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogana hat iberdi: "Türkiýäniň 84 million raýaty bilen ýakyndan işleýän 55,000 maşgala lukmany hökmünde, biziň meselelerimizi Saglyk ministrliginiň çözmäge ymtylyşyny görmedik. Esasy çykdajylarymyz beýle-de dursun, maşgala saglyk merkezleriniň kärendesini hem töläp bilmeýäris. Häzirki wagtda maşgala lukmanlary garyplygyň, hatda açlygyň bosagasynda durlar". Geçen ýylda lukmanlar kärende tölegini töläp bilmeýändikleri zerarly maşgala saglyk merkezleriniň ýapyljakdygyny duýduryp, bäş gezek iş taşlaýyş yglan etdiler.

Erdogan muňa şeýle jogap berdi: "Men türk lukmanynyň iň pes aýlygy barada soradym. Onuň 8,000 – 9,000 liradygyny (£ 364-410) aýtdylar. Iň ýokary aýlyk bolsa 25,000-30,000 lira (£1,140-1,368) aralygy. Men aç-açan aýdýaryn: gitmek isleseler, goý gitsinler. Olaryň ýerine täze uçurym bolan talyplary işe alarys". Türkiýäniň Bursadaky Uludag uniwersitetiniň jemgyýetçilik saglygy alymy Kaýyhan Pala bu çemeleşme bilen ylalaşmady: "Tehnologik ösüşlere garamazdan, lukmançylyk halypa bilen şägirdiň arasyndaky gatnaşyklara esaslanýan gumanistik ugur. 20 ýyllyk tejribeli we bilimli lukmany ýaňy işe başlan ýaş lukman bilen deňeşdirip bolmaz. Bu Türkiýede lukmançylygyň hilini peselder".

Zorluk başga bir möhüm faktor. Saglyk işgärlerine garşy zorluk hadysalary ýygylaşýar. 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda angioplastika operasiýasyny geçirip ýogalan syrkawyň ogly ejesiniň ölümine kardiolog Ekrem Karakaýany günäkärläp, ony ofisinde atyp öldürýär. Muňa jogap edip, Türk lukmançylyk birleşigi 2022-nji ýylyň 7-8-nji iýulynda iki günlük iş taşlaýyş yglan etdi. Saglygy goraýyş işgärleriniň howpsuzlyk işgärlerine ýitileşýän ýa-da bolup geçen zorluk hadysalary barada habar bermegi üçin döredilen "The White Code" ulgamy indi lukmanlar üçin zerurlyga öwrüldi. Respublikan halk partiýasynyň taýýarlan hasabatyna görä, 2020-nji ýylda 11,942 we 2021-nji ýylda 29,826 sany saglyk işgäri zorluga sezewar bolandan soň kömek sorapdyrlar.

Türkiýäniň Saglyk Ministrliginiň ýyllyk iş hasabaty "The White Code" döredileni bäri (2012 ý.) ondan peýdalanýan saglyk işgärleriniň barha artyp, 2017-nji ýylda 7,751-den 2020-nji ýylda 72,158-e ýetendigini görkezdi. 2020-nji ýylda prokurorlar takmynan 7,000 hadysany derňedi. Şol derňewlerde saglyk işgärleriniň diňe 10% -i Saglyk ministrliginden hukuk kömegini alyp bildi.

Türk lukmançylyk birleşiginiň immunology we baş sekretary Vedat Bulutyň aýtmagyna görä, "The White Code"-e günde bäş töweregi fiziki zorluk hadysasy habar berilýär. Dilden kemsitmeler alty esse köp, ýagny günde 30 töweregi. Bu sanlar diňe resmi şikaýatlary görkezýär. Habar berilmeýän hadysalar welin has köp. Zorluk bir faktor bolsa-da, esasy mesele ykdysady kynçylyk. Türkiýede saglyk işgärleri arzan işçi hasaplanylýar. Lukmanyň aýlygynyň satyn alyp bilme güýji 2003-nji ýyldakydan üç esse az.

Meselem, Stambulyň bir bölegi bolan Ümraniýede adaty jaýlaryň kireýi 8,000 TL (£366) töweregi. Bu täze işe başlan lukmanyň aýlygyndan has ýokary. Bulut meseläni şeýle düşündirýär: "Gymmatçylyk sebäpli 30 ýaşly lukmanlar kireýine alan jaýlaryny iki ýa-da üç kärdeşi bilen paýlaşmaly bolýarlar. Lukmanlar şeýle pikir edýärler: eger uly şäherde günümi görüp bilmeýän bolsam we kiçi şäherde işlemek islemesem, näme üçin daşary ýurtda işlemäge synanyşmaly däl?"

Türk lukmançylyk birleşigi geçiren barlagy ýurtdan gidýän alym-lukmanlaryň we hünärmen-lukmanlaryň sanynyň köpelendigini anyklap, hirurgiýa, iç keselleri, çaga saglygy, anesteziýa, radiologiýa we oftalmologiýa (göz keselleri) ugurlarynda lukmanlaryň ýetmezçiliginiň artjakgyny duýdurdy. Bulut şeýle belleýär: "Esasanam anesteziýa, tiz kömek, gulak-burun-bokurdak (otorinolaringologiýa) we ginekologiýa lukmanlarynyň arasynda Türkiýeden gitmäge uly tendensiýa bar. Fewraldan bäri ýurtdan gidýän alym-lukmanlaryň köpelýändigini hem synlaýarys. Dosent ýa-da professor derejesi bolanlaryň hem ençemesi işinden çykmak üçin arzalaryny tabşyrdylar. Bu ýagdaý Türkiýede bilimli adam kapitalynyň we ýöriteleşdirilen pudaklarda ýetmezçiligiň artmagyna getirer. Diňe geçen aýda 16 anesteziolog işini terk etdi. Bilşiňiz ýaly, anesteziýa we reanimasiýa Türkiýäniň COVID-19-a garşy göreşinde möhüm rol oýnady".

Detroitdäki Wayne State Uniwersitetiniň iç keselleri lukmançylygynda okuw-tejribe geçýän Saliha Erdem 2019-njy ýylda ABŞ-a göçýär. "The Lancet" gazetine beren interwýusynda Erdem şeýle diýdi: "Türkiýede önüp-ösüp, hiç haçan başga ýurda gitmek hakda pikirem etmeýärdim. Meniň üçin watanymy, dostlarymy taşlap gaýtmak örän agyr we durmuşymy üýtgeden karar boldy. Bu ýere gelmek barada gutarnykly netijä gelmäge 2 ýyl töweregi wagt gerek boldy".

Türkiýäniň Ankara şäherindäki Gazi uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetini tamamlandan soň, Erdem Türkiýäniň gündogaryndaky üçünji derejeli (больницa третичного уровня) keselhanada maşgala lukmany bolup işledi. Türk saglygy goraýyş ulgamynyň elýeterliligini we arzanlygyny halasa-da, Erdem ulgamyň hyýanatçylykly peýdalanylmaga örän ýakyndygyny halamaýandygyny aýdýar: "Meselem, Türkiýede tiz kömek bölümine gelen pasiýentden, onuň tiz kömege mätäçdigine ýa däldigine garamazdan, kanun taýdan ýüz öwrüp bolmaýar. Bu ýagdaý pasiýentleriň sanyny ep-esli artdyrýar we lukmanlara ýerlikli anyklaýyş we düşündiriş üpjün etmek üçin ýeterlik wagt bermeýär. Şeýle hem, Türkiýäniň saglygy goraýyş ulgamy saglyk işgärlerini ýadawlyga we halys bolmaga sezewar edýär".

Palanyň aýtmagyna görä, ýurtdan gidýänleriň sanynyň saglyk ulgamyna dessine täsir etmezligi ahmal: "180,000-den gowrak lukmandan 2,000 lukmanyň Türkiýeden gitmegi häzirlikçe saglyk hyzmatynda uly boşluk döretmeýär. Emma, Ýewropa ýurtlary Türkiýeden ökde lukmanlary işe almaga taýýardygyny görkezdi. Eger daşary ýurda göçmek tendensiýasy ýene 10 ýyl dowam etse, ulgam çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Türkiýede lukmançylyk işgärleriniň planlaşdyrylmagynda düýpli mesele bar. Ýurtda adam başyna beýni hirurgynyň ortaça sany Ýewropa Bileleşigine serediňde juda köp. Şeýle-de bolsa, psihiatriýa ýaly käbir ugurlarda bu görkeziji (Ýewropada 15.5 – Türkiýede 2.5) uly däl we hünär keselleri ýaly ugurlar ýok diýen ýaly (Ýewropada 5 – Türkiýede 0.007). Lukmanlaryň sanyny demografik we lukmançylyk zerurlyklaryna görä planlamak meselesi lukmanlaryň ýurtdan gitmesi ýaly derejede möhümdir".

Çeşme

  • 653 gezek okalan