ABŞ EŞIDIŞ ENJAMLARYNY DERMANNAMASYZ ELÝETER ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

abs esidis enjamlaryHukuk goraýjylaryň, lukmanlaryň we kanun çykaryjylaryň ýyllardyr basyş etmegi esasynda, Azyk we derman serişdeler administrasiýasy (FDA) 16-njy awgustda eşidiş enjamlaryny millionlarça amerikalylara elýeterli etmek barada düzgüni kabul etdi.

Oktýabryň ortalaryndan başlap ulular eşidiş enjamlaryny onlaýn ýa-da dermanhanalardan dermannamasyz satyn alyp bilerler.

Täze kategoriýa: Ýeňil we orta derejede eşidiş maýyplygy bolan ulular üçin enjamlaryň täze kategoriýasy dörediler (bu kategoriýa degişliler eşidiş enjamlaryny dermannamasyz alyp bilerler). Çagalara ýa-da agyr eşidiş maýyplygy bolan adamlara niýetlenen eşidiş enjamlaryny dermannamaly bermek dowam eder.

↪ Indi ABŞ-da takmynan 30 million ulular eşidiş enjamlaryny peýdalanyp bilerler, ýöne eşidiş maýyplygy bolanlaryň diňe bäşden biri olary ulanýar.

Nyrhlar arzanlar. Enjamlaryň dermannamasyz berilmegi netijesinde bäsdeşlik artyp, täze enjamlar bazara çykar we bahalaryň arzanlamagyna itergi berer. Häzirki wagtda diňe eşidiş enjamlarynyň nyrhy $1000 - $5000 aralygynda bolup, barlaglar we dakyp berme ýaly hyzmatlar bahany iki ýa üç esse gymmatladýar.

Sitata: "Bu adamlaryň eşidiş saglygyna gijikmezden üns bermegi üçin ägirt uly ädimdir" – diýip, Amerikanyň Eşidiş maýyplygy assosiasiýasynyň müdiri Barbara Kelley aýdýar.

  • 585 gezek okalan