RAK KESELINIŇ ÖŇÜNI ALMAK "IŇ ULY UMYDYMYZ"

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

rak keselinin onuni almakÝakynda neşir edilen global ylmy barlaga görä, dünýädäki rak ölümleriniň ýarysyna golaýy öňüni alyp bolýan töwekgellik faktorlary bilen baglanyşyklydyr we şeýle ölümleriň sany barha artýar.

2010-2019-njy ýyllarda 204 ýurtda rak ölümçiliklerini we maýyplyklaryny gözden geçiren bu barlag şeýle netijeleri görkezdi:

Rak ölümleriniň 44.4%-i we ýitirilen sagdyn ýyllaryň 42%-i öňüni alyp bolýan töwekgellik faktorlary bilen baglanyşykly.

Çilim çekmek, içgi içmek we aşa semizlik esasy 3 töwekgellik faktorydyr.

↪ 2010-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli öňüni alyp bolýan rak ölümleri 20.4% artdy.

Waşington uniwersitetiniň Saglyk ölçegleri we baha beriş institutynyň müdiri we gözlegiň uly awtordaşy Kristofer Mýurreýiň aýtmagyna görä, bu barlag rak keseliniň öňüni almagyň jemgyýetçilik saglygyna degişli kynçylykdygyny aýdyň görkezýär.

Ýene bir kynçylyk: Alymlar jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmakda adamlaryň endiklerini üýtgetmek we olaryň zyýanly täsirini azaltmak ugrundaky tagallalaryň millionlarça adamyň ömrüni halas edip biljekdigini belleýärler. Emma, esasy mesele giňişleýin syýasy çözgütleri talap edýän deňsizlikdir.

Sitata: "Garyplyk adamlaryň ýaşaýan gurşawyna täsir edýär we bu gurşaw adamlaryň durmuşda berýän kararlaryny emele getirýär. Esasy töwekgellik faktorlaryna çäre görmek geljekde rak keselini azaltmak üçin iň uly umydymyzdyr" diýip, Täze Zelandiýadaky Te Aho o Te Kahu Rak keselleriniň öňüni alyş agentliginden Diana Sarfati we Jeýson Gurney ýazýarlar.

  • 632 gezek okalan