ORTA ASYRLARYŇ MELHEMLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

orta asyrlaryn melhemleriKatarakta operasiýasyna girmek ýakymly zat däl. Ýöne towşanyň öt haltasyny bal bilen garyp, garyndyny ýelek bilen üç gije gözüňe sürtmek bilen deňeşdireniňde operasiýa has göwnejaý görnüp biler.

Bu melhem Kembrij uniwersitetiniň Kitaphanasynyň "Curious Cures" atly sanly golýazmasy üçin ýygnalýan 8000 sany orta asyr bejergilerinden biridir. Kitaphana XIV-XV asyrlaryň (käbirleri has köne) lukmançylyk golýazmalarynyň 180 sanysyny ilata elýeterli etmegi maksat edinýär.

Golýazmalarda beýan edilen üsgülewük, el-aýak agyrylary, iýmit siňdiriş bozulmalary ýaly dertleriň köpüsi tanyş bolsa-da, "gylyçdan, pyçakdan we okdan ýaralanmak / ýaranyň uly ýa-da kiçiligi" ýaly näsaglyklaryň örän gadymydygy aýdyň.

Mundan başga-da, köp dermanlyk ösümlikler tanalýan hem bolsa, beýleki melhemleriň käbiri, ýagny podagrany bejermek üçin kakadylan baýguş tozy ýa-da balykgulakdan we güjükden ýasalan reseptler döwrebap medisina kybap gelmeýär.

Şeýle-de bolsa, kuratorlar golýazmalaryň adamyň saglyk ýagdaýy barada içgin maglumatlary berýändigini aýdýarlar.

"Hernäçe gadymdan gaýdýan hem bolsa, her reseptiň aňyrsynda adamyň başdan geçirmeleri bar: keseli we agyryny başdan geçirmek, şeýle hem adamyň ýaşamaga we sagdyn bolmaga bolan islegi" – diýip, taslamanyň ýolbaşçysy Jeýms Freeman aýdýar.

Çeşme

  • 641 gezek okalan