AGRESSIW IÝMIT MARKETINGI ÇAGALARYŇ HUKUKLARYNY BOZÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

iymit marketingi we cagalarHäzirki wagtda telewizordan we sosial mediýadan başlap, sport ýyldyzlaryna, oýunlara, söwda merkezlerine çenli çagalara saglyga zyýanly iýmitleri aşa köp mahabatlandyrýarlar we bu çagalaryň hukuklaryny goraýan halkara kanunlara ters gelýär.

BSGG görä, şeýle azyk marketingleriniň çagalaryň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada ummasyz subutnamalara garamazdan, hiç bir ýurt oňa gözegçilik etmek üçin köptaraplaýyn syýasaty kabul etmedi. BSGG muny üýtgetmegi umyt edinip, ýurtlara çagalara baryp ýetýän azyk mahabatlaryny çäklendirmäge ýardam etmek üçin gollanmalaryň taslamasyny taýýarlamagyň ugruna çykdy.

Örän täsir galdyryjy: "Çili döwleti azyk önümlerini bellikleýän, mekdeplerde hödürlenýän iýmitleri we telewizorlaryň azyk mahabatyny düzgünleşdirýän köp tapgyrly syýasaty alyp barýar we Meksika şekerli içgilere salgyt goýan ilkinji ýurt. Pes we orta girdejili ýurtlar bu babatda öňde barýarlar" – diýip, Bloomberg Philanthropies-däki Azyk syýasaty programmasynyň ýolbaşçysy Neena Prasad belleýär.

Çeşme

  • 665 gezek okalan