TENNESSI ŞTATYNYŇ AIW-I JENAÝAT HASAPLAÝAN KANUNLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

tennessi aiw jenayatTennessi ştatynda azyndan 154 sany AIW keselli adam "zorluk ediji jynsy jenaýatçy" hökmünde hasaba alyndy. Bu kesgitleme aýratynam olaryň AIW keseli bilen baglanyşykly. Tennessi ABŞ-nyň AIW-i jenaýat hasaplap gelýän 35 ştatyndan biri bolup, ol ýerde bu kanun juda berk ýöredilýär.

Aýyplamalaryň görnüşleri:

↪ Jynsy gatnaşyk bolup geçmedik hem bolsa, tenini satýanlaryň AIW keselinden ejir çekýänlerini "AIW ýokuşdyrýan jelepçilikde” aýyplamak.

↪ Başga adama AIW ýokuşdyrmadyk hem bolsa, adamy jynsy gatnaşykda bolmazdan ýa-da iňňe paýlaşmazdan öň özünde AIW-iň barlygyny ýa ýoklugyny aýan etmändigi üçin jenaýat jogapkärçiligine çekmek.

Jezanyň görnüşleri:

↪ Tussag edilmek we jynsy hukuk bozujy hökmünde ömürlik hasaba alynmak. Şeýle jeza berlenleriň biri "hasaba alynmak meniň durmuşymy bütinleý bozdy" diýip belleýär.

Aladalandyryjy deňsizlik:

↪ Hasaba alnan AIW bilen bagly jynsy hukuk bozujylaryň 75%-i garaýagyzlar bolup, olar ýurduň ilatynyň 17%-ini we AIW kesellileriň 55%-ini düzýärler.

Çeşme

  • 492 gezek okalan