UNUDYLAN ÝOKANÇ DÄL KESELLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

unudylan yokanc dal kesellerÝokanç däl keseller (ÝDK) her 2 sekuntda bir adamy, ýylda 41 million adamy öldürýärler we dünýädäki ölümleriň 74%-ine sebäp bolýarlar.

BMG-nyň Baş Assambleýasynda BSGG-nyň beren täze hasabatyna görä, ÝDK-lar döwrümiziň iň uly saglyk we ösüş meselelerinden biri bolsa-da, olar ünsden düşürilýär we ýeterlik maliýeleşdirilmeýär.

ÝDK-laryň täsiri hemmelere mälim, ýagny ýürek, rak we süýji keseli ýaly keseller başyna gelip görmedik maşgala ýok diýen ýaly. BSGG-nyň bellemegine görä, temmäki, alkogolly içgiler, saglyga zyýanly iýmitleniş we fiziki işjeňligiň ýetmezçiligi ýaly töwekgelçilik faktorlary bilen ÝDK-laryň arasyndaky baglanyşyk barada ilatyň habarlylygy pes.

Meselem: BMG-nyň durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli ÝDK- sebäpli wagtyndan ir ölýänleriň sanynyň üçden bir bölegini azaltmagy maksat edinýär, emma, häzirki wagtda dünýäniň 194 ýurdunyň diňe 14-si bu maksada ýetip biljege meňzeýär.

BSGG meseläniň ululygyny görkezmek we herekete çagyrmak üçin 194 ýurdy öz içine alýan ÝDK maglumatlar portalyny hem döretdi:

↪ Ýylda 3 ölümden birine ýürek keseli we insult sebäp bolýar;

↪ Her 6 adamyň biri rak keselinden ölýär;

↪ Her 13 adamyň biri hroniki respirator keselinden ýogalýar;

↪ Her 28 ölümden birine süýji keseli sebäp bolýar.

"ÝDK sebäpli wagtyndan ir ölýänleriň 86%-i pes we orta girdejili ýurtlarda ýaşaýarlar. Bularyň köpüsiniň subut edilen we tygşytly çäreler bilen öňüni alyp bolýar" diýip, BSGG-nyň ÝDK boýunça ilçisi Mihael Bloomberg aýdýar.

  • 496 gezek okalan