PANDEMIÝADAN SOŇ BEÝNI BOZULMALARY ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

covid 19 beyni bozulmalaryÝene bir barlag COVID-19 infeksiýasyndan soň newrologik bozulmalaryň döreýändigini tassyklady.

Waşington uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebiniň ylmy barlagçylarynyň geçiren täze barlagyna görä, infeksiýadan bir ýyl soň beýnide insult we ýatkeşlik meselelerinden başlap, depressiýa, dartgynlylyk we çakyza ýaly ençeme keselleriň döreme töwekgelçiligi ýokarlanýar.

Duýduryş: Beýni meseleleri ozal sagdyn bolan we COVID-19 keselini ýeňil simptomlar bilen geçiren adamlarda ýüze çykdy.

COVID-19 ýokuşanlarda:

↪ Ýatkeşlik meseleleriniň ýüze çykma töwekgelçiligi 77% ýokarlandy;

↪ Işemiýa insultynyň töwekgelçiligi 50% artdy;

↪ Epilepsiýa ýa-da tutgaýlaryň döreme töwekgelçiligi 80% ýokarlandy.

Barlagyň jikme-jikleri: Barlag ABŞ weteranlarynyň 14 million lukmançylyk ýazgylaryny, şol sanda COVID-19 barlagy pozitiw çykan 154,000 adamyň maglumatlaryny seljermek arkaly 44 beýni keseline we beýleki bozulmalara baha berdi.

Sitata: "Netijeler COVID-19-yň uzaga çekýän zyýanly täsirlerini görkezýär. Bular uzaga çekýän COVID-iň aýrylmaz bölegidir. Käbir adamlaryň pikir edişi ýaly wirus hemişe zyýansyz geçip gitmeýär" diýip, barlagyň baş awtory we kliniki epidemiolog Ziýad Al-Aly aýdýar.

  • 496 gezek okalan