ALSGEÝMERI BEJERMEKDE UMYT BERIJI NETIJELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alsgeýmeriňalsgeymeri bejermekde umyt irki döwrüni başdan geçirýän pasiýentlere ýakyndan gözegçilik edilen kliniki synagda lecanemab dermany kognitiw (akyl ýetirme) ukybyň peselmegini 27% haýallatdy.

Lecanemab dermanyny Ýaponiýanyň Eisai we ABŞ-nyň Biogen kompaniýalary bilelikde taýýarladylar. Derman entek ekspertleriň synyndan geçmese-de, kompaniýalar dermanyň görkezen netijesini "statistiki taýdan uly" hasaplaýarlar we dermanyň ulanyşa çykarylmagy üçin Azyk we Derman Serişdeleri Administrasiýasynyň (FDA) dessin tassyknamasyny almagy meýilleşdirýärler.

Geçen ýyl bu kompaniýalaryň çykaran örän jedelli Aduhelm dermany ýaly, lecanemab hem amiloid belok çökündilerini azaldýan antibedendir. Emma, Aduhelmden tapawutlylykda lecanemab heniz üýşmedik amiloidleri dargadýar.

Uly umyt: "Amiloidleri üýşmezinden öň azaltmak keseliň ýitileşmegini haýalladyp biler. Bu uly açyşdyr" – diýip, San-Fransiskodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň newrolog doktory Gil Rabinowiçi aýtdy.

Öwrenilen sapaklar: Aduhelm synaglary möhletinden öň bes edilipdi we onuň ýaýradylmagynda aladalandyryjy meseleler ýüze çykypdy. Bu sapar ylmy barlagçylar 1800 pasiýentiň gatnaşmagynda geçirilen lecanemabyň 3-nji tapgyr synagynyň "protokola görä tamamlanandygyny" bellediler.

Seresap bolmaga sebäp: "Umytlandyryjy netijelere garamazdan, dermanyň täsirlerinden kliniki many çykarardan heniz juda ir. Alsgeýmer örän çylşyrymly kesel we munda amiloid bilen bagly patalogiýalardan başga-da ähmiýet berilmeli zatlaryň bar bolmagy örän mümkin" – diýip, Kopengagen Uniwersitetinden Kristian Steen Frederiksen belleýär.

Eger täsirli bejergi tapylmasa, 2050-nji ýyla çenli dünýäde 139 million adam Alsgeýmer bilen keselläp biler. Şol ýyla çenli Alsgeýmerli amerikalylaryň sanynyň hem takmynan iki esse artyp, 13 milliona ýetmegine garaşylýar.

  • 466 gezek okalan