HINDISTANDA ABORTA BOLAN HUKUKLAR ARTÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hindistanda abort hukuklaryHindistanyň Ýokary kazyýeti durmuşa çykmadyklara aborty gadagan edýän 51 ýyllyk kanuny ýatyryp, nikada durandygyna ýa dälligine garamazdan ähli aýal-gyzlara howpsuz we kanuny abort etdirmäge hukuk berdi.

Täze karar her bir aýala göwreliligiň 24-nji hepdesine çenli abort etdirmek hukugyny kepillendirýär we aýallaryň "reproduktiw özbaşdaklygyna" üns çekip, üçünji tarap bilen maslahatlaşmazdan abort etdirmäge rugsat berýär.

"Abort etdirmek ýa-da etdirmezlik kararyna çylşyrymly durmuş şertleri sebäp bolýar we bu karara diňe aýalyň özi, daşarky päsgelçiliklerden ýa-da täsirlerden azat ýagdaýda gelip biler" – diýip, kazyýetiň kararynda aýdyldy.

Öňki kanun diňe durmuşa çykan aýallara, aýrylyşýanlara, dullara, kämillik ýaşyna ýetmediklere, maýyplara we akyl hassalaryna hem-de jynsy zorlukdan ýa-da zorlamadan halas bolanlara aborta hukuk berýärdi.

Şeýle hem, täze kanunda zorlamanyň kesgitlemesine ýanýoldaşyň tarapyndan zorlanylmak hem goşuldy we aýallaryň zorlananlygyny subut etmek üçin kazyýete gitmek zerurlygy aýryldy.

Hindistanda ýanýoldaşyň zorlamagy jenaýat hasaplanmaýar, emma muny üýtgetmäge itergi bar.

  • 467 gezek okalan