PROTEST BILDIRÝÄN ÇAGALARA HÜJÜM EDÝÄN EÝRAN GÜÝÇLERI JEZALANDYRYLMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

eyran guycleri protestEýranda geçen aý Mahsa Amini polisiýa edarasynda ölenden soň, ýurtda demonstrasiýalar möwç aldy. Hökümet protestleri güýç bilen basyp ýatyrjak bolmaga başlany bäri, azyndan 23 çaga (käbiri 11 ýaşly) eýran howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

↪ BMG-nyň Çaganyň hukuklary komiteti öldürmeleri ýazgaryp, başga-da ýüzlerçe çaganyň ýaralanandygyny, tussag edilendigini we gynalandygyny aýtdy.

↪ Käbir çagalar atylyp, käbirleri bolsa ýenjilip öldürildi.

↪ Howpsuzlyk güýçlerini günäden saplamak üçin maşgalalar çagalarynyň janyna kast edip ölendigini aýtmaga basyş edilýärler.

Eýran güýçleri jogapkärçilige çekilmezden ýaşlara hüjüm etmeklerini dowam etse-de, garşylyk görkezýän mekdep okuwçylarynyň sany barha artýar we olary saklamak gitdigiçe kynlaşyp biler.

↪ "Hökümet kämillik ýaşyna ýetmedik protestçileri akyl saglygy merkezlerine, esasanam tussaghanalara salýarlar. Olar çagalara psihologik we psihososial goldaw bermegiň deregine, olaryň pikir-düşünjesini üýtgetmäge synanyşýarlar we köplenç gorkuzýarlar ýa-da haýbat atýarlar" – diýip, adam hukuklary boýunça eýranly aklawçy Hossein Raeesi aýdýar.

BMG-nyň komitetiniň agzalary Eýrana adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny, esasanam Çaganyň Hukuklary Konwensiýasyna laýyklykda "ähli şertlerde çagalaryň ýaşamak hukugyny goramak baradaky esasy borçnamalaryny" ýatlatdy.

Şeýle hem, Komitet Eýranyň çagalaryň asuda protest etmek hukugyna hormat goýmaga we ony goramaga borçludygyny belledi.

  • 478 gezek okalan