ÝÖNEKEÝ SERIŞDELER BILEN ÇAGA DOGRUMYNYŇ HOWPLARYNY AZALTMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

caga dogrumynyn howplaryny azaltmakLiberiýa dünýäde täze doglan bäbekleriň we eneleriň iň köp ölýän ýurtlarynyň biri. Ýurtda hassahanada dogurmak isleýän aýallardan dogrum üçin zerur bolan esasy zerişdeleri özleriniň getirmegi talap edilýär – bu bolsa ýagdaýy gowulaşdyrmakda esasy päsgelçilikdir.

Liberiýaly şepagat uýasy Yassah Lawelah "Comfort Closet" proýekti bilen hyzmatdaşlykda öz puluna we haýyr-sahabatyň hasabyna pampersleri we bäbek eşiklerini lomaý satyn alyp, has köp aýala saglyk öýlerinde çaga dogurmaga mümkinçilik döredýär. Ol her aý şeýle serişdelerden düzülen 25 bukjany enelere peşgeş edýär.

Yassah Lawelahyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda programmanyň kömeginden esasan dogruma garaşylýan öýlerdäki obaly aýallar peýdalanýarlar. Ýöne ol Liberiýadaky her bir hassahana, klinika we dogruma garaşylýan öýe zerur zatlary üpjün etmek arkaly, maksatnamanyň çägini giňeltmek isleýär.

Liberiýada eneleriň ölümçiligi ABŞ bilen deňeşdirende 50 esse ýokary.

Emma çagalaryň öli dogulmagy meselesine gezek gelende, ABŞ özi ýaly baý döwletlerden yza galýar. Tapawut nämede? Esasy faktorlardan biri kazyýet jogapkärçiligine çekilme gorkusydyr. Çaganyň öli dogulmagyny "öňüni alyp bolmaýar" diýip kesgitlemek akuşerleri (ABŞ-da iň kän suda berilýän lukmanlar) kazyýet jogapkärçiligine çekilmekden gorasa-da, bu meselä hakyky çözgüdi tapmaga böwet bolup biler.

  • 490 gezek okalan