PSIHIATRIK BOZULMALARY ÖWRENMEKDE TÄZE SEPGIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

psihiatrik bozulmalary owrenmek12-nji oktýabrda Nature žurnalynda çap edilen 7 ýyllyk ylmy-gözlegde adamyň kök öýjüklerinden (rusça: стволовая клетка; bedende islendik görnüşli öýjüge öwrülip bilýän ýönekeý öýjükler) ösdürilen strukturalar täze doglan alaka çagalarynyň beýnilerine, esasanam beýniniň duýujy organlar bilen aragatnaşyk edýän bölegine sanjym edildi.

Netije: Adam öýjükleri alakalaryň beýnisinde üstünlikli ornaşyp, olaryň özüni alyp barşyna täsir etdi we duýujy murtjagazlary arkaly maglumat alyş ukybyny oýandyrdy.

Bu ylmy iş adamda psihiatrik bozulmalaryň esasyny düzýän beýni mehanizmlerine düşünmäge we autizm, epilepsiýa, şizofreniýa ýaly çylşyrymly keselleri bejermek üçin synag terapiýalaryny geçirmäge ýol açyp biler.

Eksperimentiň geçirilmeginde "gemriji-adam gibridleri" bilen bagly etiki meseleler esasy üns merkezinde boldy. Ekspertler häzirlikçe adamyň beýni organoidleriniň ynsan akyl-huşunyň ýerini tutup biljek derejede ösmedikdigini we synag geçirilen alakalaryň dartgynlylykdan, agyrydan, tutgaýdan ejir çekmändigini bellediler. Emma, bular ylmyň ösmegi bilen möhüm sorag bolmagyna galar.

"Biz muny diňe bir gezek maslahatlaşyp goýup bilmeris. Bizi aladalandyrýan zatlar mümkin bolan progres bilen deňeşdirilip ölçelmeli. Meniň pikirimçe, jemgyýet hökmünde elimizden gelen ähli zady etmek biziň jogapkärçiligimizdir" – diýip, Garward uniwersitetiniň molekulýar biology Paola Arlotta aýtdy.

  • 481 gezek okalan