UZAGA ÇEKÝÄN COVIDIŇ TÖWEKGELÇILIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

uzaga cekyan covidin towekgelcilikleriTäze uly ylmy gözleg COVID-iň uzak dowam edýän alamatlarynyň adamlaryň ep-esli böleginiň ýaşaýyş hiline uzak möhletleýin täsiri baradaky aladalary tassyklady.

Nature Communications žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy barlagda SARS-CoV-2 ýokuşan 33,000+ adamdan ybarat toparyň 6% -iniň entek doly sagalmandygy we 42% -iniň wirus ýokuşanyndan 18 aý soň hem diňe bölekleýin sagalandygy anyklandy. Barlaga hiç wagt koronawirus ýokuşmadyk 63,000 töweregi adam hem gatnaşdy.

↪ COVID-19 bilen kesellän gatnaşyjylarda COVID ýokuşmadyklar bilen deňeşdireniňde 24 simptomyň (şol sanda dem gysma, döş agyrylary we beýni dumanlama) has kän duş gelme ähtimallygy ýokary.

↪ Kesel ýokuşanda hassahana ýerleşdirilenler uzaga çekýän COVID simptomlaryndan has agyr ejir çekipdirler, ýöne COVID-i ýeňil geçirenlere hem birnäçe aýdan soň saglyk taýdan ýaramazlaşma howpy abanypdyr.

↪ Ylmy barlagçylar koronawirus ýokanjyny simptomsyz geçirenleriň hem uzak dowam edýän COVID bilen keselleme töwekgelçiliginiň bardygyny bellediler.

Ýene bir duýduryş: "Barlagda gatnaşyjylaryň 11%-niň ýagdaýynyň wagtyň geçmegi bilen erbetleşendigi hem anyklandy. Bu hassalarda köplenç gabat gelse-de, köpçülikde ýeterlik ara alnyp maslahatlaşylmaýar" – diýip, ylmy barlagçy Hannah Davis belleýär.

Aram dowam edýän COVID: Doktor Benjamin Mazeriň aýtmagyna görä "Ýiti ýokuşýan COVID we uzak dowam edýän COVID köpçüligiň ünsüni özüne çekdi, ýöne aram dowam edýän COVID (ýokuşandan soň 12 hepde töweregi dowam edýär) has howply. Onlarça gözlegler bu döwürde COVID-den soňky töwekgelçilikleriň juda ýokarydygyny görkezdi". Mysal üçin, bir şwed gözleginde koronawirus ýokuşanynan soň bir aýa çenli öýkende gan lagtalanmasynyň töwekgelçiliginiň 32 esse ýokarydygy we soňra tiz wagtda peselýändigi anyklanyldy.

  • 556 gezek okalan