SÖZLERIMIZI SERESAPLY SAÝLAMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

sozlerimizi seresaply saylamakBiz rak keselli adamlara "raklylar", depressiýadaky adamlara "depressiýalylar" diýmeýäris, ýöne garaşlylykdan ejir çekýänler üçin "arakhor" ýa-da "neşekeş" ýaly tankydy sözleri ulanýarys.

Garaşlylygy "ahlak taýdan şowsuzlyk" ýaly görkezýän sözleriň deregine onuň keseldigini bildirýän sözleri ulanmak garaşlylykdan ejir çekýän adamlary hem ynsan hökmünde kabul etmekdir. Bu syýasy sypaýylyk üçin däl-de, olara adamkärçilikli çemeleşilmegini gazanmak üçin edilmelidir.

Sitata: Ylmy barlagçy Robert Aşford: "Neşe serişdelerine garaşly adamlar bilen aragatnaşyk edenlerinde iň kemsidiji dili ulanýan we olar bilen iň güýçli negatiw baglanyşygy bolanlar hem saglygy goraýyş işgärleri. Bu kömek almak barada manyly söhbetdeşlikleri geçirmäge böwet bolýar, sebäbi hiç kim özüni diskriminasiýa ediljek ýagdaýa salmak islemeýär".

Çeşme

  • 528 gezek okalan