KLIMAT KRIZISINIŇ ÜNSDEN DÜŞÜRILMEGINIŇ ADAMLARA ZYÝANLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Lancet Countdownklimat krizisi-yň soňky hasabatyna görä, klimatyň üýtgemeginiň täsiri gitdigiçe güýçlenýärkä döwletler yzgiderli adamlaryň saglygyna zyýan ýetirjek ýalňyş kararlary berýärler.

Gazylyp alynýan ýangyçlara bolan global isleg klimatyň üýtgemegini güýçlendirip, her materikde müňlerçe adamyň ölümine we 2021-nji ýylda $250 milliarddan gowrak zyýana goýan howa betbagtçylyklaryna sebäp boldy.

2021-nji ýylda 65+ ýaşly adamlar we 1 ýaşdan kiçi çagalar 1986-2005-nji ýyllar aralygyndakydan ortaça 3.7 milliard artyk ýylylyk tolkunyny başdan geçirdiler.

2017–2021-nji ýyllar aralygyndaky ýylylyk bilen bagly ölümler 2000–2004-nji ýyllara seredende 68% ýokarlandy.

Klimatyň üýtgemegi ýokanç keselleriň ýokuşmagyny ýeňilleşdirýär, kenarýaka suwlary gyzdyrýar we mergi keseline, Vibrio bakteriýalarynyň hem-de gyzzyrma parazitleriniň ýaýramagyna sebäp bolýar.

Klimatyň üýtgemegi zerarly dörän howa betbagtçylyklary 100 milliona golaý adamy açlyga sezewar etdi.

Sitata: "Saglygymyz gazylyp alynýan ýangyçlaryň merhemetine bagly" – diýip, Lancet Countdown-yň ýerine ýetiriji müdiri we klimat boýunça ylmy barlagçy Marina Romanello aýtdy.

Klimat krizisi we çagalar: ÝUNISEF-iň täze hasabatyna görä, klimat krizisi eýýäm her dört çaganyň birine täsir edýär we 2050-nji ýyla çenli dünýädäki çagalaryň ählisi has kän ýylylyk tolkunlaryny başdan geçirer.

560 milliona golaý çaga her ýyl 4 sany ýa-da ondanam köp güýçli ýylylyk tolkunlaryndan ejir çekýär.

Howa krizisiniň çagalaryň hukuklarynyň krizisidigini The Guardian habar berýär.

Henizem umyt bar: Haýal etmän arassa energiýa geçmek we energiýany tygşytly ulanmak millionlarça adamyň ömrüni halas edip biler.

  • 514 gezek okalan