BSGG IŇ HOWPLY PATOGEN KÖMELEKLERI MÄLIM ETDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

howply patogen komelekleriBSGG patogen (kesel dörediji) kömelekleriň ilkinji sanawyny çykardy. Bu 19 organizm ilatyň saglygyna iň uly howp salýan patogen kömelekleri hasaplanýar we olar klimatyň üýtgemegi zerarly bejergilere has durnuklaşyp, dünýäniň has köp sebitine ýaýrap barýarlar.

Kömeleklere garşy derman serişdelerine (antifungal) durnuklylygy we jemgyýetiň saglygyna salýan howpy boýunça sanawyň başyny çekýän 4 patogen kömelek:

Aspergillus fumigatus (esasan öýkene täsir edýär);

Candida albicans (iň köp ak düşmä (молочница) sebäp bolýar);

Cryptococcus neoformans (AIW keselinden ölümçiligiň esasy sebäbi);

Candida auris (2009-njy ýylda adamlarda ýüze çykaryldy we kömeleklere garşy serişdeleriň aglabasyna durnukly).

Deňsizlik: Ýokanç keselleriň ylmy gözleglerine goýulýan maliýe serişdeleriniň 1.5%-inden hem az mukdary kömelek ýokançlyklaryny öwrenmäge berilýär.

"Maliýeleşdirilişiň pesligi inçekesel bilen deň derejede we gyzzyrmadan has kän adamyň ölümine sebäp bolýan kömelek ýokançlyklarynyň adamzada salýan ýüküni agyrlaşdyrýar" – diýip, BSGG-nyň ylmy gözleg işine ýolbaşçylyk eden Justin Beardsley belleýär.

Çeşme

  • 489 gezek okalan