ABŞ-NYŇ HARBY GÜÝÇLERINDE ERKEKLERE GARŞY SEKSUAL ZORLUGYŇ ÝAŞYRYLMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

erkeklere garsy seksual zorlukPentagonyň çaklamalaryna görä, ABŞ-nyň ýaragly güýçlerinde her gün 45-den gowrak erkek adam jynsy taýdan zorlanýar. Harby gullukdaky seksual trawmalary habar beren weteranlaryň 40%-ine golaýy erkeklerdir.

Emma, şeýle zorlamalar habar berilmeýär we erkek pidalaryň köpüsi hiç wagt lukmançylyk bejergisini ýa-da beýleki kömekleri almaýarlar:

↪ Harby gullukdaky erkekleriň 90%-i 2021-nji ýylda başdan geçiren seksual zorluklary barada habar bermändirler.

↪ Şeýle pidalarda depressiýa, howsala we trawmadan soňky stres bozulmalarynyň ýüze çykma töwekgelçiligi ýokary.

↪ Gözlegçiler seksual zorluk barada dil ýarylmazlygyň esasy faktory stigmadygyny (masgaralanma) we şonuň üçin zorlugyň sebäbi barada habardarlygyň azlygyny aýdýarlar.

Çeşme: The Intercept

  • 570 gezek okalan