HYTAÝYŇ NOL-COVID STRATEGIÝASY ÇALT GOWŞAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hytayyn nol covid strategiyasyÝakynda, Hytaý nol-COVID syýasatyny yza tesdirip, berk sosial çäklendirmeleri ýeňilleşdirjek 10 ädimi yglan etmegine garaşylýar.

2019-njy ýylda ýola goýulan nol-Covid strategiýasy COVID-19 bilen göreşmekde Hytaýyň esasy maksady bolup, COVID hadysalaryň sanyny mümkin boldugyça nolda saklamak. Bu maksada ýetmek üçin ýurt köpçülikleýin test etmek, keselleri hassahanalarda karantinde we tutuş şäherleri berk lokdaunda saklamak ýaly çäreleri alyp bardy.

Resmiler iň agyr çäklendirmeleri ýatyryp, COVID-19 statusyny A derejeli keselden B derejeli kesel kategoriýasyna düşürmekleri mümkin.

Esasy uly şäherler bu tendensiýada öňdeligi eýeläp, ýygy-ýygydan PCR test etmegi azaldýarlar, lokdaunlary we jemgyýetçilik transportlaryna münmek üçin negatiw test netijelerini görkezmegi aýyrýarlar we beýleki çäreleri gowşadýarlar.

Düýpli üýtgeşmelere Prezident Si Szinpiniň "abraýyny saklamak" syýasaty hökmünde seredilýär. Çünki, birnäçe hepde ozal Si Szinpin Kommunist partiýa kongresinde Hytaýyň nol- Covid syýasatyna eýerjekdigini aýdypdy.

Adamlar üýtgeşmeler üçin göreşdiler: Köpçülikleýin lokdaun sebäpli ýüze çykan giň ýaýrawly protestler "nol-sabyrlylyk" syýasatyny ýeňilleşdirmäge iterdi.

Indiki ädim näme? Epidemiologlar halkda immunitetiň pesligi, waksinalaryň gowşaklygy we waksina almadyk gartaşan ilatyň  köplügi zerarly Hytaýda keseliň täzeden ýaýramagy we berk sosial gözegçiligiň gaýtadan dikeldilmeginiň mümkindigini duýdurýarlar.

  • 537 gezek okalan