SPERMALARYŇ IŞJEŇLIGINI PESELTJEK KONTRASEPTIWLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

taze kontraseptiwlerSpermalaryň işjeňligini peseldýän kontraseptiwleri oýlap tapmak ugrunda gözlegler barha artýar. Alymlar bu kontraseptiwlere jübütleriň arasynda "jogapkärçiligi paýlaşmak" hökmünde seredilmegini umut edýärler.

Synag geçirilýän täze göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bedende testosteron derejesini azaldýan geli, şeýle hem dermanlary we sanjymlary öz içine alýar.

Gormonal däl usullara spermatozoidiň ýaşaýyş aýlawyny böwetläp, onuň ýatga aralaşmasynyň ýa-da ýumurtgany tohumlandyrmasynyň öňüni alýan dermanlar we sperma geçirýän turbajyga sanjylýan sperma böwetleýji geller degişli.

Alymlar täze kontraseptiwleriň satylyp başlamagy üçin birnäçe ýylyň gerekdigine garamazdan, gelejekde "saýlaw menýusynda" bu kontraseptiwleriň hem elýeterli boljakdygyna ynanýarlar.

Çeşme: NPR Shots

  • 579 gezek okalan