COCA-COLA-NYŇ GURAMALARA WE ÇÄRELERE MALIÝE SERIŞDELERINI BERÝÄNLIGINIŇ ÜSTI AÇYLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

coca cola serisde beryanligiTäze gözlege görä, Coca-Cola kompaniýasy jemgyýetçilik saglygy goraýyş konferensiýalaryna we çärelerine hemaýatkärlik edýär. Bu hemaýatkärlikler kompaniýa konferensiýalaryň gün tertibini we olarda çykyş etjekleri saýlamaga pursat beripdir.

Public Health Nutrition Journal-da çap edilen gözleg, Coco-Cola-nyň Amerikanyň pediatriýa akademiýasy (AAP), Iýmit we berhiz akademiýasy (AND), Semizlik jemgyýeti (OS) we Amerikanyň maşgala lukmanlarynyň akademiýasy (AAFP) ýaly esasy saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ýüze çykardy. 2020-nji ýylda geçirilen gözlegiň netijesi, kompaniýanyň fiziki işjeňligi öňe sürýän "Bedenterbiýe we jemgyýetçilik saglygy boýunça halkara kongresini" guramaga kömek edendigini görkezdi.

Şeýle hem, Coca-Cola saglyga ýaramsyz önümlerine we kompaniýa garşy gelýän ylmy barlaglary we pikirleri basyp ýatyrmaga täsirini ýetiripdir. Mundan başga-da, kompaniýa semizligiň sebäbi şekerli içgiler däl-de hereketsizlik diýip wagyz etmegi goldapdyr. Şeýle etmek bilen Coca-Cola özüni "ylma dostlukly" diýip görkezmek isleýär.

Käbir hemaýatkärlikler üçünji taraplaryň üsti bilen berilipdir. Şol sebäpli, alymlar özlerine Coca-Cola-nyň hemaýatkärlik berýäninden habarsyz bolmagy mümkindigi gözlegde bellenilýär.

Coca-Cola-nyň göni we gytaklaýyn maliýeleşdirişi

Gözleg 239 sany jemgyýetçilik we hususy çäräni gözden geçirdi. Coca-Cola kompaniýasy 158 guramany, şol sanda 98 konferensiýany, 21 simpoziumy, 10 leksiýany, 14 hususy ýygnagy, 1 amaly sapagy, 3 webinary, 3 okuw sapagy, 3 forumy we 3 paneli göni ýa-da gytaklaýyn maliýeleşdiripdir.

Kompaniýanyň bölekleýin maliýeleşdiren 158 çäreleriniň 28 sanysyna göniden-göni we 70 sanysyna üçünji taraplaryň üsti bilen pul beripdir, hem-de 60 sany çykyş edijileri (spikerleri) maliýeleşdiripdir.

Guramaçylara berilen maliýe serişdeleri her çärä üçin $2500-$100.000 aralygynda.

Gözlegde mälim edilişine görä, köplenç Coca-Cola öz bähbitlerini goldaýan alymlary mediýada çykyş etmäge höweslendiripdir we semizligiň esasy sebäbi şekerli içgileriň däl-de, fiziki hereketiň azlygy diýip wagyz edýän ylmy gözlegleri, programmalary, çäreleri goldapdyr.

"Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (KHBS) berilýän maliýe serişdeleri bizi aladalandyrýar. Çykyş edijileri KHBS-de [Coca-Cola-nyň bähbitlerini goldap] çykyş etmäge itermek bilen kompaniýanyň ylymy aragatnaşykda täsiri uly bolup biler" – diýip gözlegiň awtory belleýär.

Gözleg diňe bir jemgyýetçilik saglygy babatda konferensiýalary gurnaýjylara däl, eýsem çykyş edýänlere-de berilýän maliýe serişdeleri aýan etmegi maslahat berýär.

Çeşme: Environmental Health News

  • 721 gezek okalan