MÜSÜRLI ENELER KESAREWO KESIMI ARKALY DOGURMAGA ITERILÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

musurli kesarewo kesimiMüsürde kesarewo kesiminiň derejesi dünýäniň beýleki ýerlerine garanyňda juda ýokary. Käbir lukmanlar işini aňsatlaşdyrmak we pul gazanmak üçin eneleri kesarewo kesimine ugrukdyrýarlar.

Kesarewo kesimi – çaganyň dogulmagy üçin garyn boşlugyny we ýatgyny hirurgiki kesmek. Bu operasiýa şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

↪ islege baglylykda ýa meýilleşdirilip, ýagny enäniň haýyşy boýunça ýa-da lukmançylyk sebäplere görä (meselem: çaga nädogry ýatanda, çaganyň agramy uly bolsa);

↪ adatdan daşary ýagdaýda, köplenç çaga dogrumdaky gaýraüzülmeler sebäpli.

Lukmançylyk zerurlygy bolmazdan kesarewo kesimi arkaly dogurmak köp ýurtlarda adatylyga öwrüldi. BSGG çaga dogrumlaryň maksimum 15% -ini kesarewo kesimi bilen amala aşyrmagy maslahat berýär, ýöne köp ýurtlar bu limiti aşýar. Soňky 30 ýylda bu usulda dogurýanlaryň sany 3 esse artyp, her bäş çagadan biri kesarewo kesimi arkaly dünýä inýär.

BSGG-nyň hasabatyna görä, Müsür kesarewo kesimi bilen dogurmak (51.8%) boýunça dünýäde dördünji orunda durýar.

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi 2021-nji ýylda müsürli aýallaryň 72% -iniň kesarewo kesimini geçirendigini habar berdi. Ministrlik zerurlyksyz kesarewo kesimleriň sanyny azaltmak maksady bilen tebigy dogruma tölegleri girizmek, tebigy ýol bilen çaga dogurtmagy höweslendirmek üçin saglyk işgärlerine maliýe goldawlary bermek we hassahanalaryň ulanýan dogrum usullaryna gözegçilik etmek ýaly çäreleri ýola goýdy.

Geçen ýyl, Mai Şami Facebook-da "Medisina taýdan gereksiz kesarewo kesimlerini bes et" atly başlangyjy döretdi. Şaminiň iki ýyl öň çaga dogrumdaky şahsy tejribesi bu başlangyjyň döremegine sebäp boldy.

Mai Şami: "Lukmanlar meni göýä çaga dogurmagyň ýeke-täk, iň gowy we amatly usuly hökmünde kesarewo kesimini geçirmäge iterdiler. Göwrelilik döwrümde, birnäçe doktora barlaga gitdim we olaryň aglabasy, esasanam erkek lukmanlar adaty dogrumyň aýallaryň jynsy gatnaşygyna täsir edip biljegini aýtdylar" – diýip belleýär.

Müsüriň ginekologiýa we akuşerçilik jemgyýetine görä, hususy hassahanalarda tebigy dogruma seredende kesarewo kesiminiň bahasy gymmatlygy sebäpli ondan girdeýji gazanýarlar. Şonuň üçin hususy hassahanalardaky kesarewo kesimleriň sany 80%, döwlet hassahanalarynda bolsa 40%.

Mai Şaminiň özi iki dogrum usulynyň hem erbet we gowy taraplaryny öwrenip, tebigy dogrumy saýlady.

Şaminiň aýtmagyna görä, esasy mesele saglyk ulgamynyň hassahanalara we doktorlara gözegçiligini gowşatmagydyr. Ýene bir mesele hem maglumat ýetmezçiligi, tebigy dogrumdan gorky, sosial mediýadan, kinolardan täsirlenmek we lukmanlaryň maslahaty zerarly aýallaryň bir-birini kesarewo kesimine höweslendirmegidir.

Çeşme: BBC

  • 534 gezek okalan