GAZAGYSTANDA DUZLY IÝMITLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gazagystanda duzly iymitlerGazagystanda milli naharlaryň aşa duzlylygy ýurtda gipertoniýa, süýji keseli we ýokary holesterin ýaly ýokanç däl keselleriň (ÝDK) artmagyna goşant goşýar.

Gazagystanda ÝDK-lerden ölýänleriň sany 87% bolup, dünýäde bu görkeziji ortaça 71%-e deňdir.

2017-nji ýylda, BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit edarasy Gazagystanyň iýmitleniş akademiýasy bilen bilelikde öýde bişirilen we köçe naharlarynyň duzlylygyny, trans-ýaglylygyny ölçeýän gözleg geçirdi. Gözleg öýde bişirilen unaşyň (5.6g), palawyň (5.2g) we kebabyň (4.3g) ýokary derejede şor bişirilýändigini ýüze çykaryp, günlik maslahat berilýän duz sarp edilşini degişlilikde 112.4%, 104.2% we 85.4% aşýandygyny görkezdi.

Çaklamalara görä, ulularyň 26%-inde ýokary gan basyşy, 12%-inde bolsa süýji keseli bar.

BMG duzuň sarp edilşini azaltmak Gazagystanda ÝDK-leriň öňüni almagyň iň tygşytly çäresidigini belledi. Ýurtda önümlerdäki duzuň düzümi barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin azyk belliklerini ulanmak we duzuň ýerine dürli tagam berijileri peýdalanmak ýaly tagallalar edilýär.

Üstünligiň syry: Aşhanada iň köp karar berýän aýallar bu tagallalarda üstünlik gazanmagyň açarydygyny BSGG-nyň wekili Laura Utemisowa belleýär.

Çeşme: The Guardian

  • 613 gezek okalan