ABORT DERMANLARYNY ABŞ-A IBERÝÄN LUKMANYŇ MILLIONLARÇA AÝALLARA ÄHMIÝETI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Aid Accessabs abort dermanlary – telemedisina (onlaýn saglyk hyzmatyny bermek) arkaly abort (göwreliligi togtadýan) dermanlaryny üpjün edýän çeşme bolup, soňky döwürde ençeme metbugat gulluklarynyň ünsüni çekdi. 2018-nji ýylda, girdeýji gazanmaýan bu guramany niderlandiýaly doktor Rebekka Gomperts esaslandyrdy. Gurama pasientlere onlaýn maslahat berýär we dermanlary Hindistandaky dermanhanadan göni iberýär.

Amerikaly aýallara abort dermanlaryny iberýän niderlandiýaly doktor, kömege mätäçleriň hiç wagt şeýle köp bolmandygyny we onuň işiniň wajyplygynyň artandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň 25-e golaý ştatynda abort doly ýa-da bölekleýin gadagan edilenden soň, 56 ýaşly Rebekka Gomperts we onuň Aid Access guramasy müňlerçe aýalyň durmuşynda iň möhüm, şol sanda iň jedelli lukman bolup biler.

2022-nji ýylyň iýunynda, ABŞ-nyň ýokary Kazyýeti Roe v Wade dawasyny (1973-nji ýylda kabul edilen, aborta rugsat beren konstitusion hukuk) ýatyrany bäri, Gompertsiň toparyna bolan gyzyklanma köpeldi.

Onuň guramasy Awstriýada ýerleşýär. Gomperts The Independent habar gullugy bilen söhbetdeşliginde, öň amerikaly aýallardan her gün 600-e golaý e-poçta alýan bolsa, indi günlik 4000 e-poçta alýandygyny aýtdy.

Göwreliligi düşüriji mifepriston we misoprostol (mifepriston dermany içilenden soň, 24-48 sagat aralygynda misoprostol kabul edilýär) atly iki dermana talap artypdyr.

2020-nji ýylyň oktýabryndan 2021-nji ýylyň dekabry aralygynda, gurama ABŞ-ly aýallardan 45.000-den gowrak abort dermanyna sargytlary alypdyr.

Aýallar Aid Access guramasynyň lukmanlary bilen maslahatlaşandan soň, dermannamalar ýazylýar we dermanlar şahsy salgylara Hindistandan (dünýäde iň uly çalşyryjy (generic) derman öndüriji) iberilýär.

1999-njy ýylda, Gomperts "Deňizdäki aýal-gyzlar" (Women on Waves) toparyny döretdi. Topar Niderlandiýanyň kanunlaryna uýýan gämilerde kenarýakadan 12 mil (19.3km) uzaklyga we halkara suwlaryna ýüzüp Irlandiýa, Gwatemala we Portugaliýa ýaly ýurtlardaky aýallara maslahatlar we abort hyzmatlaryny berdiler.

2014-nji ýylda, toparyň alyp baran işi barada Diana Whitteniň režissýorlygynda "Gämi" (Vessel) atly dokumental film döredildi.

2018-nji ýylda, Irlandiýa 12 hepdä çenli aborty kanunlaşdyrdy. Tersine, Ýewropa ýurtlarynyň arasynda Polşada iň berk abort kanunlaryndan biri bar. Şol sebäpli, Aid Access 2015-nji ýylda, pilotsyz dronlar bilen Polşa abort dermanlaryny ibermäge synanyşdy. Ýöne, enjamlary we dermanlary polisiýa konfiskasiýa etdi.

Gwatemalanyň hökümeti toparyň gämisiniň üstüne deňiz güýçlerini iberdi. Portugaliýa hem edil şonuň ýaly etdi. Köplenç rahatsyzlandyryjy wakalar bolýardy. Emma, Gomperts ynjalyksyzlanmaýardy. Gomperts 2017-nji ýyldaky söhbetdeşliginde: "Bize minnetdar ençeme aýal-gyzlar bar. Bu biziň üçin iň möhüm zat. Bu howp astyndaky ýeke-täk zat. Başga hereketleriň we pikirleriň ähmiýeti ýok. Aýallar kömege mätäç" – diýip nygtady. Gomperts ABŞ-daky aýal-gyzlara kömek etmegi sosial adalatlylyk bilen bir hatarda goýýar.

"Abort gadagan edilende, bu diňe puly we maglumaty ýok adamlara täsir edýär. Trampyň aýaly ýa-da gyzy islese, islendik ýere gidip, howpsuz abort etdirip biler. Şonuň üçin, bu hakykatdanam, diňe şeýle zatlara mümkinçiligi bolmadyk, garyp adamlara täsir edýär. Şol sebäpli, bu sosial adalatlylyk meselesidir" – diýip Gomperts aýdýar.

Onuň sözlerine görä, abort gadagançylygynyň başga-da bir faktory bar.

Ösen ýurtlaryň arasynda, ABŞ-da ene ölüminiň iň ýokary derejesi bolup, 5000 aýaldan 1-ine deň. Ýurtdaky garaýagyz eneleriň ölümi bolsa ondan iki esse ýokarydyr. Munuň tersine, abort örän howpsuzdyr (dürli çeşmelere görä, 2019-njy ýylda ýurtda 630.000 ýa 930.000 abort edilendigi çaklanylýar).

Gomperts şeýle belleýär: "Bu adamlaryň köpüsiniň howpsuz abort etdirip bilmejekdigini görersiňiz. Sebäbi olarda internete girmegem has kyn, esasanam oba ýerlerinde. Enäniň ölüminiň ýokarlanmagyna sebäp boljak, islenilmeýän göwreliligi başdan geçirjek aýallar köp bolar".

Çeşme: Independent

  • 492 gezek okalan