TALYBAN HÖKÜMETINIŇ MAGDANÇY ÇAGALARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

talyban magdancy cagalaryOwganystanyň çöken ykdysadyýetini gowulandyrmak üçin Talyban hökümeti kömür gazuwyna we onda çaga zähmetini ulanmaga başlady.

Talyban çaga zähmetiniň soňuna çykmak isleýändigini aýdan hem bolsa, tersine ony juda köpeltdi. Esasanam girdejili kömür pudagynda çagalaryň dar magdan tunellerine uly erkeklerden has aňsat geçip bilýän ýerlerinde çagalar işleýärler.

Magdanda işlemek howply. Geçen ýyl magdanyň çökmegi onlarça magdançynyň ölümine sebäp boldy.

Kömür käninden bir çaga sag-aman çykanda, onuň diri çykany üçin kiçijik gutlag mysaly, deň-duşlary ony oýnawaç tüýdük çalyp garşylaýarlar.

Çaga zähmetiniň artmagynyň sebäbi näme?: Owganlaryň 90%-den gowragynyň eklenjiniň ýetmeýändigi üçin köp maşgala çagalaryny magdan känlerinde işletmäge mejbur bolýarlar.

Çeşme: NPR

  • 512 gezek okalan