DERMANLAR WE HIRURGIK OPERASIÝALAR ÇAGA SEMIZLIGINE ÇÖZGÜTMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

caga semizligine cozgutmiAmerikanyň pediatriýa akademiýasynyň çagalarda semizligi intensiw bejermegi, şol sanda bariatrik operasiýany geçirmegi maslahat berýän täze gollanmasy berk tankytlar bilen garşylandy.

Bu gollanma semiz çagalary "bejermezden öň esawan edip garaşmak ýa-da ýerlikli bejergini gereksiz gijikdirmek" wariantlaryny ret edýär we onuň ýerine şulary maslahat berýär:

↪ 6 ýaşly we ondan uly çagalar üçin intensiw hereket we iýmitleniş terapiýasy;

↪ 12 ýaşly we ondan uly çagalar üçin horlanmaga niýetlenen dermanlar;

↪ 13 ýaşly we ondan uly ýetginjekler üçin bariatrik operasiýa.

Gollanma barada tankytçylaryň pikiri: Intensiw, gymmat we dermanlar bilen bejerişi maslahat berýän täze görkezmeler bejergileriň elýeterliligindäki deňsizligi, çagalaryň semizliginiň sosial-ykdysady, daşky gurşaw sebäplerini, azyk marketingini we beýleki faktorlary ünsden düşürýär. Dermanlar, operasiýalar we pasiýente ýöriteleşdirilen bejergiler nädogry çemeleşmedir. Çünki olar semizligiň düýp sebäplerini çözmeýär.

Ýene bir töwekgelçilik: Täze gollanmanyň bedeniň agyrlyk indeksine (BMI) aýratyn üns jemlemegi çagalary stigma sezewar edip biler. Şeýle hem, gollanmada agyrlyk indeksi ýokary bolan käbir çagalaryň göwresi uly bolsa-da, olaryň sagdyndygy we gowy iýmitlenýändigi göz öňünde tutulmaýar.

Çaga semizligi bütin dünýäde ýaýbaňlanyp barýan mesele bolup, Türkmenistana hem agram salýar. Türkmenistanda 7 ýaşly gyzlaryň 11.4%-i we oglanlaryň 11.5%-i semiz. Oglanlaryň 3.6%-i, gyzlaryň 2.3%-i aşa semiz.

  • 531 gezek okalan