ÖLÜM HOWPLY IÝMIT GOŞUNDYSY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

olum howply iymit gosundysyBu iýmit goşundysy her ýyl 500,000 adamyň wagtyndan ir ölmegine sebäp bolýar hem-de ýene 5 milliard adamyň saglygyny töwekgelçilige salýar. "Trans ýaglar" ady bilen tanalýan bu zäherli himikatlar ençeme azyk önümleriniň düzüminde duş gelse-de, olar adam bedenine hiç hili peýda bermeýär.

BSGG-nyň täze hasabatyna görä, senagat taýdan öndürilen trans ýag kislotalary global saglyga howp salýar. Döwletler onuň azyk önümlerinde ulanylmagyny gadagan etmekde haýal ösüş gazanýarlar:

↪ 43 ýurt trans ýaglar babatynda iň gowy syýasatlary durmuşa geçirdi. Bu çäreler dünýäde 2.8 milliard adamy goraýar (Syýasatlar iýmitlere goşulýan trans ýaglaryň mukdaryny çäklendirýär we bölekleýin wodorodlaşdyrylan ýaglary ulanmagy gadagan edýär).

↪ Trans ýaglar sebäpli döreýän koronar ýürek kesellerinden ölýänleriň sanynyň ýokary derejede bolan 16 ýurduň 9-sy munuň öňüni almakda entek iň gowy syýasaty durmuşa geçirmedi. Olara Awstraliýa, Müsür, Eýran, Päkistan we Günorta Koreýa hem degişli.

↪ Pes girdejili ýurtlaryň hijisinde trans ýaglary doly aradan aýyrmak ugrunda iň gowy syýasat alnyp barylmaýar.

Trans ýaglar näme üçin şeýle erbet? Köplenç doňdurylan pizzalar we gowrulan iýmitler ýaly taýýar önümlere garylýan trans ýaglar bedendäki "erbet" holesterini artdyrýar we "gowy" holesterini peseldýär. Trans ýaglary näçe kän kabul etseň, ýürek-damar kesellerine uçrama töwekgelçiligiň şonça-da ýokarlanýar.

  • 585 gezek okalan