BSGG ÇAGALARY ZEPERLENEN DERMAN SERIŞDELERINDEN GORAMAGA ÇAGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

zeperlenen derman serisdeleriSoňky 4 aýda dürli ýurtlar çagalaryň üsgülewük siroplarynyň dietilen (DEG) we etilen (EG) glikollarynyň ýokary derejeleri bilen tassyklanan ýa-da güman edilýän birnäçe zeperlenme hadysalaryny habar berdiler. Şeýle hadysalar azyndan 7 ýurtda boldy. Ýurtlaryň üçüsinde 300-den gowrak, aglabasy 5 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň ölümi ol siroplardan zäherlenme bilen baglanyşdyryldy. DEG we EG zyýanly himikatlar bolup, senagat erginleri we antifrizler hökmünde ulanylýar. Olaryň az mukdarda kabul edilmegi hem ölüme sebäp bolup bilýär. Bu himikatlar hiç wagt dermanlarda ulanylmaly däldir.

Ýurtlaryň hasabatlaryna esaslanyp, BSGG bu hadysalara jogap hökmünde 3 sany global saglyk duýduryşyny yglan etdi. Ol duýduryş BSGG-nyň 194 agza döwletiniň milli saglyk edaralaryna tiz ýaýradyldy. Duýduryşda edilen esasy haýyşlar:

↪ Zeperlenen dermanlary anyklamak we satuwyny togtatmak;

↪ Önümleriň üpjün edilýän ýurtlarynda gözegçiligi we hüşgärligi ýokarlandyrmak;

↪ Standartlara laýyk gelmeýän saglyk önümleri ýüze çykarylsa, dessine BSGG habar bermek;

↪ Ýa-da, zyýanly saglyk önümleriniň howplaryndan we zäherli täsirlerinden halky habardar etmek.

Bu hadysalaryň diňe ýeke ýurtda ýüze çykmanlygy zerarly, BSGG saglyk önümleriniň üpjünçilik zynjyryna gatnaşýan esasy paýdarlary gyssagly we utgaşdyrylan çäreleri görmäge çagyrýar.

BSGG-nyň düzgünleşdiriji edaralara we hökümetlere çagyryşy:

↪ BSGG-nyň ýokarda agzan zäherli saglyk önümlerini ölümiň we keseliň potensial sebäbi hökmünde we standartlara laýyk gelmeýäni üçin ýurduň bazarlaryndaky dolanyşygyndan çykarmak;

↪ Degişli bazarlardaky ähli saglyk önümleriniň satuwyny ygtyýarly edaralaryň tassyklamagyny we ygtyýarnamaly satyjylaryň satmagyny üpjün etmek;

↪ Önümçilik ýerlerinde öz ygtyýarlyklarynyň we halkara kadalaryň we standartlaryň çäklerinde töwekgelçilik barlaglaryny köpeltmek we gowulandyrmak üçin ýerlikli resurslary bölüp bermek;

↪ Bazarlara gözegçiligi güýçlendirmek, şol sanda resmi we resmi däl bazarlardaky saglyk önümleriniň töwekgelçiliklerini synagdan geçirmek;

↪ Degişli we zerur bolanda, standartlardan pes we galp dermanlary öndürmäge, paýlamaga we/ýa-da ulanmaga garşy göreşmek üçin kanunlary we beýleki kanuny çäreleri kabul etmek we ýerine ýetirmek.

BSGG-nyň derman öndürijilere çagyryşy:

↪ Farmasewtik maddalary diňe ynamdar we ygtyýarly üpjün edijilerden satyn almak;

↪ Çig mallary almazdan öň we önümleri öndürmäge girişmezden ozal, olary hemmetaraplaýyn testden geçirmek;

↪ Degişli test netijelerine esaslanýan hil şahadatnamalary arkaly önümiň hilini kepillendirmek;

↪ Hadysalar ýüze çyksa, derňewde yzarlamagy aňsatlaşdyrmak üçin satyn alynýan çig mallaryň, testleriň, önümçiligiň we ýaýratmagyň takyk, doly we dogry ýazgylaryny ýöretmek.

BSGG-nyň saglyk önümlerini üpjün edijilere we paýlaýjylara çagyryşy:

↪ Paýlaýan ýa-da satýan saglyk önümleriňiziň galplyk alamatlaryny we fiziki ýagdaýyny hemişe barlaň;

↪ Derman serişdelerini diňe ygtyýarly edaralaryň tassyklan çeşmelerinden alyp paýlaň we/ýa-da satyň;

↪ Dermanlar we olaryň paýlanyşy we/ýa-da satuwy bilen bagly takyk, doly we dogry ýazgylary ýörediň;

↪ Dermanlary dolandyrmak üçin ukyply işgärleri işlediň we köpçülige dermanlary dogry ulanmak barada maslahat beriň.

Çeşme:  WHO

  • 454 gezek okalan