TÜRKMENBAŞYDA BIRDEN SATUWY TOGTADYLAN ANTIBIOTIKLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

satuwy togtadylan antibiotikler2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenbaşy şäheriniň döwlet we hususy dermanhanalarynda üç sany antibiotik derman serişdesiniň (Seftriakson, Sefazolin we Seftazidim) satuwynyň togtadylandygyny tassyklanylmadyk çeşmeler habar berýärler. Bu dermanlaryň şäherdäki hassahanalarda we saglyk öýlerinde ýerleşýän dermanhanalarda hem tapdyrmaýandygy aýdylýar.

Bu antibiotikler bakteriýalar sebäpli ýüze çykýan dürli infeksiýalary bejermekde peýdalanylýar. Meselem, dem alyş ýollarynyň, garyn boşlugynyň, peşew ýollarynyň, ganyň, deriniň, süňkleriň, bogunlaryň hem-de jyns agzalarynyň infeksiýalary. Antibiotikleriň üçüsi hem sanjym arkaly kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň web sahypasynda bu derman serişdeleriniň satuwynyň anyk nirelerde, näme sebäpden we näçe wagtlap togtadylandygy barada habar berilmeýär.

Ýatlatsak, antibiotikler dümew, sowuklama ýa-da wiruslar sebäpli döreýän infeksiýalary bejerip bilmeýärler. Antibiotikler gerek däl wagty ýa-da nädogry ulanylsa, soňra bejergisi antibiotikleri talap edýän ýokanç kesele uçranyňda antibiotikleriň netije bermezlik (antibiotiklere durnukly) töwekgelçiligi artýar.

  • 536 gezek okalan