TÄZE TEHNOLOGIÝA EPILEPSIÝADAN EJIR ÇEKÝÄNLERE UMYT BERÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Epilepsiýa (garaguşagyry)epilepsiya we taze tehnologiya iň köp duş gelýän newrologik keselleriň biri bolup, ondan dünýäde 50 million töweregi adam ejir çekýär. Çaklamalara görä, eger kesel dogry anyklanylsa we bejerilse, epilepsiýaly adamlaryň 70%-e golaýy tutgaýlardan azat ýaşap bilerdi. Epilepsiýany kontrolda saklamak üçin köp adam dermanlara, diýetalara ýa-da aýlanyp ýören nerwiň elektrik bilen gyjyndyrylmagyna bil baglaýan hem bolsa, millionlarça adam olardan peýda tapmaýar. Bu ýagdaýda beýnidäki tutgaý tutdurýan anomal dokumany operasiýa arkaly aýyrmak çözgüt hödürläp bilýär, emma beýnini operasiýa etmek örän töwekgelçilikli we çylşyrymlydyr. Şeýle-de bolsa, alymlar we ylmy barlagçylar epilepsiýany anyklamagyň we bejermegiň has netijeli ýollaryny gözlemeklerini dowam edýärler.

San Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň Epilepsiýa merkezinde oýlap tapylan täze tehnologiýa has köp syrkawa sagalma mümkinçiligini bermäge bir ädim ýakynlaşdyrdy. Bu täze tehnologiýa tutgaýlaryň gözbaşyny tapmaga kömek edýän mikroelektronikalary, beýniniň tutgaýlara sebäp bolýan dokumalaryny weýran etmäge ukyply kindiwanja lazerleri, şeýle-de epilepsiýa operasiýasyny geçirmäge ýardam berýän robotlary öz içine alýar. Meselem, ROSA atly robot beýniniň meseleli ýerini takyk nyşana almaga kömek edýär. Lazerler bolsa öň el bilen kellede uly kesimleri geçirmeli bolýan köne tejribelerden uzaklaşyp, kellä diňe maýda sançgylary sançmak arkaly zeperli dokumany aýyrmaga ýol açýarlar.

Bu tehnologiýa beýni operasiýalaryny has takyk we has çalt geçirmegi aňsatlaşdyryp, syrkawyň hem tiz sagalmasyna we hassahanada örän az wagt geçirmesine mümkinçilik berer.

  • 569 gezek okalan