GÜNORTA AFRIKA TEN SÖWDASYNY KANUNYLAŞDYRMAK ISLEÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

afrika ten sowdasyGünorta Afrika ten söwdasyny kanunylaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu özgerişlik ýurtda gender esasly zorlugy ep-esli azaldyp biler.

2018-nji ýylda ýurtda tenini satýan aýallaryň 70%-i süteme we 50%-e golaýy jynsy zorluga sezewar bolupdyr. Olar tussag edilmekden gorkýandyklary sebäpli polisiýa ýüz tutmaga hem çekinýärler.

Hukuk goraýjy toparlar ten söwdasyny jenaýatlaşdyrmagyň ägirt uly zeper ýetirýändigini görkezýän meta-seljermäni belläp, munuň kanunlary täzeden gözden geçirmek üçin esasy sebäpdigini aýdýarlar.

"Tenini satýanlary towuk öldüren ýaly öldürýärler. Bu hiç kimiň piňine-de däl. Ten söwdasy kanunylaşdyrylsa, iň bolmanda polisiýa şikaýat edip, kazyýet işini açyp bileris" – diýip, hukuk goraýjylaryň biri belleýär.

Çeşme: Bhekisisa

  • 484 gezek okalan