GARYPLYK ÇAGA BEÝNISINE NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

garyplyk we caga beynisiÇagalykda stresli wakalary başdan geçirmek – esasanda maddy kynçylyklar – beýnä zyýanly täsir edip, onuň strese we trawma jogap berýän bölümini üýtgedip bilýär.

Amerikada ylmy barlagçylar magnit-rezonans tomografiýasynyň (MRT) kömegi bilen, müňlerçe 9-10 ýaşly çagalaryň beýnileriniň dürli böleklerini ölçediler. Barlagçylar hususanda beýniniň emosiýalary we howpy kabul edýän we olardan netije çykarýan 3 bölegini aýratyn synladylar:

1. Amygdala – gorkyny we howpy kabul etmäge we olara çäre görmäge jogapkär;

2. Gippokamp – täze zatlary öwrenmekde we ýatda saklamakda uly rol oýnaýar;

3. Prefrontal korteks – gorka berilýän gaýtargyny kadalaşdyrýar.

Barlagyň netijeleri maddy we durmuşy kynçylyklara has köp sezewar bolýan çagalaryň beýnileriniň bu bölekleriniň has kiçidigini görkezdi. Şeýle-de, ol çagalarda trawmadan soňky stres bozulmasynyň has agyr alamatlary bardy.

Sitata: "Biziň geçmişde başymyzdan geçiren wakalarymyz geljekde trawma nähili jogap berjekdigimizi kesgitleýär. Zyýanly stres ösüp barýan beýniniň arhitekturasyny bozmaga ukyply bolup çykdy. Beýnidäki şeýle üýtgeşmeleriň täsirleriniň çaga ulalýança bildirmezligi we beýnini wagtyndan ir garratmagy mümkin. Emma, biz ýeterlik ideg we alada bilen, bu üýtgeşmelere täsir edip, olaryň gowulaşmagyny gazanyp bolar diýip umyt edýäris." – Nataniel Harnet, ylmy barlagyň baş awtory.

Çeşme: STAT

  • 559 gezek okalan