PANDEMIÝA AÝAL SAGLYK IŞGÄRLERINIŇ DEŇSIZLIGINI BETERLEŞDIRDI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ayal saglyk isgarlerinin densizligi"Global saglyk ulgamyndaky aýallar" hereketiniň ýakynda çykaran hasabaty zenan saglyk işgärleriniň ýüzbe-ýüz bolýan deňsizliginiň pandemiýa döwründe has-da ýaramazlaşandygyny görkezýär. Dünýäde saglygy goraýyş işgärleriniň 70%-iniň aýal-gyzlar bolmagyna garamazdan, olar ýolbaşçylyk wezipeleriniň diňe 25%-ini eýeleýärler.

Pandemiýada saglyk işgärleri gahryman saýylyp, alkyşlanylsa-da, olaryň iş sagatlary has uzady we işlerinde töwekgellikler hem-de kynçylyklar köpeldi. Onuň üstesine aýal işgärleriň çaga ideginde, bilimde we gartaşanlara ýa-da maşgala agzalaryna ideg etmekde ýüki agraldy. Eger meselä bolan çemeleşmelerini üýtgetmeseler, käbir ýurtlara saglyk ulgamynda aýal we erkek işgärleriň deňligini gazanmak üçin ýene 100 ýyldan hem köp wagt gerek bolmagy mümkin. Ekspertleriň pikiriçe, saglygy goraýyş ulgamynda gender deňligini gazanmaga 5 zat böwet bolýar:

Aýallaryň agdyklyk edýän senagatynda heniz hem erkekler ýolbaşçylyk edýär – pandemiýa bolsa bu ýagdaýy ýaramazlaşdyrdy.

115 ýurtda COVID-19 iş toparlarynyň 85%-ini erkek adamlar düzdi. Bu sebäpli aýallaryň öz tejribelerine esaslanýan kararlary bermek arkaly pasiýentleriň we saglygy goraýşy üpjün edijileriň durmuşyny gowulandyryp bilme mümkinçiligi çäklendirildi. Meselem, pandemiýa döwründe käbir ýurtlarda enelere howpsuz hyzmatlary bermek mejbury däl-de, meýletin edildi. Eger bu karary berijileriň başyny göbek eneler çeken bolsady, olar enelere berilýän hyzmatlaryň mejbury şertde saklanyp galmagy üçin tagalla ederdiler. Çünki pandemiýa ýa beýleki adatdan daşary ýagdaýlar göwreliligi we çaga dogumyny saklamaýarlar.

Aýallar global saglygy goraýşyň içinde we daşynda syýasy ýolbaşçy hökmünde hem görülmeýär, şeýlelikde olaryň wezipeleri erkekleriňkiçe köp beýgeldilmeýär.

Pandemiýa aýallaryň iş ýüküni köpeltdi.

Syrkawlaryň sanynyň aşa köpelmegi aýal saglyk işgärleriniň iş sagatlarynyň juda uzamagyna getirdi. Muňa garamazdan olaryň aýlyklary galdyrylmady. Şeýle-de, okuwçylaryň öýden okamaly bolandygy we idege mätäç garry we ýaş maşgala agzalarynyň öýde galmaly bolandygy sebäpli, zenanlaryň hojalykdaky işleri hem köpeldi.

Pandemiýa sebäpli surnukmak aýallarda has ýygy duş geldi.

Haçanda oňaýsyz ýagdaýlar we şertler sebäpli saglyk işgärleri pasiýentlere professional we ýokary hilli hyzmat berip bilmeseler, muňa "moral taýdan şikeslenme" diýilýär. Meselem, hassahanada serişdeleriň, esbaplaryň we kislorod ýaly, ölümden halas ediji bejergileriň gutarandygy sebäpli syrkawyň jan bermegi. Beýle hadysalara şaýat bolmak hem adamy tapdan düşürip bilýär. Pasiýentler bilen ýakyn aragatnaşyk edilýän rollaryň aglabasyny aýallaryň ýerine ýetirýändigi üçin trawma galdyryjy moral şikeslenme, COVID keseli, maýyplygy hem-de ölümi hem aýallara has köp täsir edýär.

Aýal saglyk işgärleriniň üpjün edýän idegleriniň köp bölegi resmi däl we az tölegli.

Saglygy goraýyş ulgamlaryndaky aýal işgärleriň 6 million sanysyna asla zähmet haky tölenmeýär ýa-da biçak az tölenýär. Resmi däl işgärlere işsizlik boýunça kömek pullary ýaly hyzmatlar elýeter däl. Olara saglygy goraýyş ulgamynyň içinde ösmek hem has kyn. Mysal üçin, Hindistanda ASHA ady bilen tanalýan köpçülik saglyk işgärleri maşgala ýagdaýlary sebäpli rugsada çykyp ýa-da jynsy erjeşme hadysasy barada arz-şikaýat edip bilmeýärler.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky iş şertleri erkeklere gönükdirilen.

Meselem, şahsy gorag esbaplary erkek adamyň beden ölçeglerine görä tikilen. Netijede, aýallarda ykjam oturmaýan esbaplar olara keseliň ýokuşma howpuny artdyrýar. Pandemiýada bütin bedeni örtýän gorag esbaplaryny uzyn gün geýmeli bolan saglyk işgärlerine 12 sagatdan hem uzak wagtlap hajathana ulanmak kyn düşýär. Ýaramaz ölçegde tikilen goranyş eşikleri esasan-da aýbaşysy gelýän, çaga emdirýän we göwreli işgärleriň durmuşyny kynlaşdyrýar. Olar wagtly-wagtynda prokladkalaryny çalşyp, ene süýdüni sagyp ýa-da hajathana gidip bilmeýärler – bu bolsa saglyk meseleleriniň döremegine getirip bilýär.

Saglygy goraýyş ulgamyndaky aýallaryň hukuklaryny goraýan kanunlar hem ýetmezçilik edýär. Meselem, 41 döwletde aýaly diňe göwrelidigi üçin işden çykarmak gadagan edilmeýär.

Indiki ädimler nähili bolmaly?

Saglygy goraýyş ulgamynda aýallar üçin deň hukuklary we oňaýly şertleri üpjün etmek köpçülikleýin hereketden başlanýar.

↪ Saglygy goraýyş ýolbaşçylarynyň belli bir bölegini aýallaryň düzmesi üçin kwotalar girizilmeli;

↪ Ähli saglyk işgärlerine deň zähmet haklaryny tölenmeli hem-de ene-atalyk we maşgala rugsady kepillendirilmeli;

↪ Gender we saglygy goraýyş boýunça ähli genderleriň bilimini ösdürmeli. Meselem, erkekleri şepagat agasy we aýallary lukman bolmaga höweslendirmek.

  • 583 gezek okalan