7-NJI APREL – BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

world health dayBütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bu ýyl Bütindünýä saglyk gününde guramanyň düýbüniň tutulmagynyň 75 ýyllygyny belleýär.

BSGG-nyň biziň durmuşymyzda ähmiýeti

BSGG 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň bir bölegi hökmünde döredilýär. Onuň wezipesi we borçlary halkara saglyk syýasatyny ugrukdyrmagy we sazlaşdyrmagy, beýleki global saglyk başlangyçlary bilen hyzmatdaşlyk etmegi, ylmy barlaglary geçirmegi, normalary bellemegi, tehniki goldaw bermegi, şeýle-de dünýä ýüzündäki saglyk tendensiýalaryna gözegçilik etmegi öz içine alýar. BSGG-nyň ýene bir wezipesi hem ýurtlara ylma esaslanýan saglyk maslahatlaryny bermekdir. Meselem, her ýurduň öz resurslaryny göz öňünde tutup, ol ýerde haýsy esasy derman serişdeleriniň, diagnostikalaryň we bejergileriň bolmalydygyny maslahat berýär. Emma, gurama hiç bir ýurda rugsatsyz girip ýa-da hiç bir ýurdy maslahatyny almaga mejbur edip bilmeýär.

BSGG garaşsyz we hiç bir döwlete degişli bolmaýan halkara gurama bolup, 194 sany agza ýurtlardan düzülen. Agza ýurtlaryň her biri guramanyň ugruny we maksatlaryny kesgitlemäge goşant goşup bilýär. BSGG öz maksatlaryna ýetmek üçin hökümetler, hökümete degişli däl guramalar, şeýle-de hyzmatdaşlary bilen işleşýär we onuň dünýäniň dürli künjeklerinde 150+ edarasy hereket edýär. Guramanyň býujeti onuň agza ýurtlarynyň geçirýän töleginden we Bill we Melinda Gates fondy ýaly, täjirçilik däl donorlaryň meýletin goşantlaryndan jemlenilýär. BSGG-nyň 7000 işgärini ylmy barlagçylar, lukmanlar, jemgyýetçilik saglygynyň hünärmenleri, şeýle-de ykdysadyýet, statistika we adatdan daşary ýagdaýlarda hemaýat bermek ugrundan ekspertler düzýärler.

Guramanyň 2007-nji ýyldan bäri jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaýlary yglan etmäge doly ygtyýary bar.

BSGG-nyň dünýäniň ilatynyň saglygyny ösdürmekde gazanan iň görnükli üstünlikleri:

↪ Çagalara waksina bermegi ýola goýmak arkaly 1979-njy ýylda mama keseliniň soňuna çykyldy we soňky ýyllarda poliomiýelit infeksiýalary 99% azaldyldy;

↪ Gyzzyrma keseline garşy waksinanyň beýleki öňüni alyş ýollary bilen utgaşykly ulanylmagy netijesinde ýylda 40-80 müň ölümiň öňi alnar;

↪ 58 ýurtda zäherli trans-ýagly kislotalaryň ulanylmagyny gadagan edýän kanunlar 3.2 milliard adamy bu ýaglardan goraýar;

↪ 150 ýurtda temmäkiniň ulanylmagy barha azalýar we adamlary kesellerden hem-de ölümden halas edýär;

↪ 15 ýurtda eneden çaga geçýän AIW/merezýel keselleriniň soňuna çykyldy;

↪ 2020-2021-nji ýyllarda COVID-19 saglyk krizisine jogap bermekde BSGG taryhda iň uly göwrümli işi alyp bardy: 1600 sany tehniki we ýerine ýetiriji hyzmatdaşlar bilen işleşdi; taryhda iň uly, iň tiz we iň çylşyrymly waksinasiýany ýola goýdy; ýurtlara zerur serişdeleri ýetirmek üçin 1.7 milliard dollar harçlady.

BSGG-nyň COVID-19 pandemiýasynda nähili roly bar?

Halkara lukmançylyk-sanitar düzgünlerine laýyklykda, haçanda garaşylmadyk we gelip çykyşy näbelli hem-de dünýä ýaýrama howpy bolan keseller ýüze çykanda, ýurtlar ol barada BSGG-a habar bermäge borçly. Hytaý döwleti hem 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda pnewmoniýa hadysalarynyň birden köpelendigi barada BSGG-a habar berýär. BSGG 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaýy yglan edýär – ol wagt hem şeýle hadysalar barada habar berýän ýurtlar köpelipdi, emma Hytaýdan başga ýerlerde ölüm hadysalary hasaba alynmandy.

Jemgyýetçilik saglygynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda BSGG ýurtlara ýol görkeziji hökmünde hyzmat edip, olara kesele garşy göreşmek üçin okuwlary geçmäge, gözegçiligi pugtalandyrmaga, çäreleriň netijeliligini ölçemäge we beýleki ugurlardan kömek edip bilýär. Emma diňe ýurduň özi haýyş etse kömek berip bilýär.

Öz borçlarynyň çäginde BSGG pandemiýanyň dowamynda ýurtlardan dürli maglumatlary sorady – soralan maglumatlara ýurtda girizilen syýahat çäklendirmelerine düşündirişler hem-de ýurtda keseliň ýaýraýşy barada takyk we wagtynda ýygnalan sanlar hem degişli.

BSGG COVID testlerine, maskalaryň ulanylyşyna, köpçülikleýin çäreleri gurnamaga, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmaga we töwekgelçilikleri ölçemäge degişli ylmy barlaglara esaslanýan maslahatlary çap etdi. Saglyk işgärleri üçin COVID-19 barlagy we bejergisi dogrusynda okuw sapaklaryny gurnady. Ýurtlara COVID-19 bilen göreşmekde ýardam bermek üçin dürli hünärmenlerden düzülen toparlary, anyklaýyş testlerini, lukmançylyk esbaplaryny we kömekçi işgärleri ýollady. Gurama abraýly we ussat lukmanlary, wirusologlary, modelistleri we epidemiologlary bir ýere jemläp, wirusa garşy waksinalary we bejergileri oýlap tapmak üçin tagallalar edýär.

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI – 7-NJI APREL
HEMMELERE SAGLYK!

Bu ýyl Bütindünýä saglyk gününde BSGG ähli adamlaryň parahat, gülläp ösýän we durnukly dünýäde manyly ömür sürmekleri üçin hemmelere saglyk arzuwlaýar. BSGG saglyga bolan hukugyň iň esasy adam hukugydygyny ýatladyp, her bir adamyň maddy kynçylyklara sezewar bolmazdan islän wagty islän ýerinde zerur saglyk hyzmatlaryny alyp bilmelidigini belleýär.

Hemmelere saglyk üpjün etmek üçin, ýurtlar:

↪ Saglygy goraýyş ulgamlaryny kuwwatlandyrmaly we onuň üsti bilen adamlaryň jübüsinden çykarýan saglyk çykdajylaryny azaltmaly;

↪ Ilkinji lukmançylyk kömegini hemmelere elýeterli etmeli;

↪ Ählumumy saglyk ätiýaçlandyrmasyny hemmelere üpjün etmeli;

↪ Daşky gurşawyň arassalygyny we saglyga ýaramlylygyny gazanmaly;

↪ Temmäkä, alkogola, goşulýan şekere we gazylyp alynýan ýangyja salynýan salgytlary galdyrmaly;

↪ Saglyk pudagynda işgärleriň we iş ýerleriniň artmagyna maýa goýmaly.

  • 525 gezek okalan