AZERBEÝJAN WE TÄJIGISTAN MALÝARIÝADAN AZAT BOLDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

malyariyadan azatBütindünýä saglygy goraýyş guramasy Azerbeýjana we Täjigistana öz ýurtlarynyň çäginde malýariýa (gyzzyrma) keseliniň soňuna çykandyklary üçin şahadatnama gowşurdy. Bu iki ýurt keselden azat bolmak üçin bir asyrlap irginsiz göreşipdiler.

Malýariýanyň ýok edilendigini kepillendirýän şahadatnama BSGG tarapyndan malýariýadan azat bolan ýurda berilýär. Bu şahadatnamany almak üçin ýurt soňky 3 ýylda yhlasly tagallalar edip, Anopheles çybynlarynyň ýaýradýan gyzzyrma keselinden saplanandygyna ygtybarly subutnama görkezmeli. Şeýle-de, ýurt keseliň gaýtadan ýüze çykmagynyň öňüni almaga ukyplydygyny subut etmeli.

Azerbeýjanyň we Täjigistanyň hökümetleri uzak ýyllaryň dowamynda dürli maýa goýumlarynyň we saglyk syýasatlarynyň üsti bilen malýariýanyň öňüni almak, ony ir anyklamak we ähli kesellänleri doly bejermek arkaly keseli ýok etmegi we ýurtlaryny keselden azat saklamagy başardyrlar. Azerbeýjan ýurtda malýariýanyň Plasmodium vivax (P.vivax) görnüşini iň soňky gezek 2012-nji ýylda, Täjigistan hem 2014-nji ýylda hasaba aldy.

Häzire çenli jemi 41 ýurt we 1 territoriýa BSGG tarapyndan malýariýadan azat diýlip kepillendirildi. Ol döwletleriň 21 sanysy Ýewropa sebitinde ýerleşýär.

Çeşme

  • 547 gezek okalan