ÖNELGESIZLIK ADAM DANDAMAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

onelgesizlik adam dandamayarHaçanda erkegiň ýa-da aýalyň reproduktiw ulgamyndaky näsaglyk zerarly 12 aýlap ýa-da ondan uzak wagtlap dowamly goragsyz geçirilen jynsy gatnaşyklar göwrelilige eltmese – muňa önelgesizlik diýilýär. Önelgesizlik dünýäde her 6 adamdan birine täsir edýär we bu meselede pes, orta hem-de ýokary girdejili ýurtlaryň arasynda uly tapawut ýok.

↪ Önelgesizlik adamyň kemsinmegine, maddy kynçylyklara uçramagyna we psihiki hem-de psihologik ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup bilýär.

↪ Önelgesizligiň bejergileriniň çykdajysyny köplenç syrkawyň özi çekmeli bolýar – bu bolsa syrkawyň ýyllyk girdejisiniň möçberinden hem geçip bilýär.

↪ Köplenç aýallara çaga edinmäge köpçülikleýin basyş edilýär. Şeýlelikde çagasy bolmaýan aýallar ýanýoldaşlary tarapyndan zulum edilmäge has ýakyn bolýarlar.

BSGG-dan maslahatlar: Ýurtlar Ýewropa ýurtlarynyň, Marokkonyň we Indoneziýanyň göreldesine eýerip, önelgesizligiň bejergilerini ählumumy saglyk ätiýaçlandyrmasyna goşmaly.

Sitata: "Önelgesizlik adam dandamaýar. Onuň islendik adama täsir edip bilýändigi bize önelgelik hyzmatlarynyň elýeterliliginiň gowulandyrylmalydygyny görkezýär. Bu mesele saglyga degişli ylmy barlaglarda we saglyk syýasatlarynda çetde goýulman, ene-ata bolmagy isleýän ähli adamlar üçin arzuwlaryna ýetmegiň amatly ýollary döredilmeli" – BSGG-nyň baş müdiri Tedros Gebreýesus

Çeşme

  • 535 gezek okalan