DIAGNOSTIKANYŇ ÜSTI BILEN SAGLYGY GORAÝYŞDA DEŇLIGE ÝETMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

saglygy gorayysda denlige yetmekSaglygy goraýyşdaky gender deňsizligi zerarly dünýäniň dürli künjeklerinde aýal-gyzlar özlerine zerur saglyk hyzmatlaryny alyp bilmeýärler. Aýallaryň göwreliligi we çaga dogumyny başyndan geçirýändigi sebäpli, olar ömürleriniň dowamynda erkeklerden has köp diagnostik barlaglardan geçmeli bolup bilýärler. Emma welin, aýallar üçin zerur, emma erkeklere gerek bolmaýan ýönekeý barlaglar köplenç tapdyrmaýar ýa-da tapdyrsa-da elýeterli däl. Käbir ýurtlarda aýallaryň bary-ýogy 13%-i göwrelilikde maslahat berilýän antenatal barlaglaryň ählisinden geçip bilýärler.

Ykdysady statusy pes gelin-gyzlaryň maddy taýdan gurpsuzlugy we garaşsyz hereket etmäge ygtyýarsyzlygy elýeter bolan lukmançylyk barlaglaryndan geçmäge böwet bolýar. Aýallar köplenç barlaglaryň tölegini tölemekde ýanýoldaşlaryna ýa-da maşgalalaryna bagly bolýarlar.

Lukmançylyk barlaglary gowy saglygy goraýşyň özeni hem-de adamyň ählumumy hukugydyr. Haçanda diagnostik barlaglar aýal-gyzlara elýeter edilende, olar öz bedenlerine we saglyklaryna eýe çykyp bilýärler. Munuň üçin:

↪ Aýallara has uly täsir edýän ýa-da diňe aýallarda döreýän keselleri (göwüs, ýatgynyň boýunjygynyň ragy we ş.m.) anyklamak üçin has gowy diagnostika enjamlaryny oýlap tapmaly; şeýle-de, ähli ýerde, şol sanda pes we orta girdejili ýurtlarda diagnostik barlaglaryň aýallara elýeter edilmegini gazanmaly.

↪ Adamyň papillomawirusy ýaly ýagdaýlary anyklamak üçin özbaşdak geçirilýän barlaglary üpjün etmeli. Çünki aýallar köplenç has amatlydygy, ýaşyryndygy we elýeterlidigi sebäpli özbaşdak barlaglary saýlaýarlar.

↪ Bu syýasatlaryň netije bermesi üçin, diagnostik çözgütleriň gurnamaga we durmuşa geçirmäge aýallaryň özlerini gatnaşdyrmaly.

Çeşme

  • 540 gezek okalan