NÄME ÜÇIN ÝEWRAZIÝADA KANUNLAR JYNSY ZORLUGYŇ PIDALARYNY GORAP BILMEÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Bu hasabatjynsy zorluk pidalary 2019-njy ýylyň ýanwarynda çykaryldy we ozalky Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan 15 ýurduň jynsy zorluga degişli kanunlarynyň gysgaça mazmunyny, kanunyň kemçilikleriniň derňewini hem-de jynsy zorluga baş goşýanlaryň jogapkärçilige çekilmezligine mümkinçilik berilmeginiň mysallaryny özünde jemleýär. Ozalky Sowet Soýuzynyň 15 ýurdunda (Ermenistan, Azerbeýjan, Belarussiýa, Estoniýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Latwiýa, Litwa, Moldowa, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan, Ukraina, we Özbegistan) jynsy zorlama bilen bagly kanunlar we tejribeler zorlugyň pidasy bolýanlara adalatyň elýeterliligini üpjün etmeýär. Çünki kanunlaryň aşaky böleklerinde hukuk bozujylara jenaýat jogapkärçiliginden ýa-da jezadan sypmaga ýol berýän birnäçe kemçilikler bar:

↪ Jynsy zorlamanyň kesgitlemesinde;

↪ Hukuk bozujynyň käbir ýagdaýlarda jogapkärçilikden ýa-da jezadan gönümel azat edilmeginde;

↪ Jynsy zorluk jenaýatynyň (ýetginjek gyzlary hem öz içine alýar) derňelmeginde we kazyýet jogapkärçiligine çekilmeginde;

↪ Käbir zulumly tejribeleriň jenaýat hasaplanmazlygynda;

↪ Aýal-gyzlara edilýän köp görnüşli diskriminasiýanyň we olaryň ejizliginden/çetleşdirilmeginden peýdalanmagyň netijesinde baş goşulýan zulumda.

Adalat ulgamyna ynamyň bolmazlygy, patriarhal medeniýetden täsirlenýän adatlaryň adalatyň ýerine ýetirilmegine hem täsir etmegi we aýal-gyzlaryň başlaryna gelýän zulum üçin özleriniň günäkärlenilmegi jynsy zorluk hadysalarynyň ählisiniň habar berilmezligine sebäp bolýar. Hatda aýal-gyzlar zulumyň dürli görnüşlerini polisiýa habar berenlerinde hem, adatça fiziki zulum hasaba alynýar we jynsy zulum ünsden düşürilip, hasaba alynmaýar. Kanunyň käbir düzgünlerinde jynzy zorlugyň käbir görnüşlerini diňe pidanyň tassyklamasy bilen derňemäge rugsat berilýär we beýle jenaýatlarda ylalaşyga gelmäge ýol berilýär. Netijede, kanuny ýerine ýetiriji resmiler diňe bir pidalary arza ýazmak niýetinden dändirmän, eýsem eger pida islendik bir sebäbe görä arzasyny yzyna alsa ýa-da hukuk bozujy tarapyndan ylalaşyga gelmäge basyş edilse derňew işini ýapyp bilýärler. Bu ýagdaýyň Gyrgyzystanda giňden ýaýrandygyny Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky konwensiýa (CEDAW) ýüze çykardy. Konwensiýa Gyrgyzystanda 2018-nji ýylyň sentýabrynda gyz alyp gaçmak meselesi barada soragnama geçirdi we resmiler tarapyndan baş goşulýan zorlamanyň mejbury jenaýata çekilmelidigini berk maslahat berdi.

Jynsy zorlugyň kanuny kesgitlemesi çäkli bolanda mejbury geçirilen ýa-da razylyk berilmän geçirilen jynsy hereketleriň köpüsi jezalandyrylman galýar. Şeýle-de, dyngysyz subutnamalaryň talap edilmegi, gender stereotipleri, hukuk goraýjy edaralaryň we kanunlaryň pidalara kömek etmäge derek zyýan bermesi jynsy zorluga sezewar bolýanlar üçin adalatyň dikeldilmegine böwet bolýar.

Bu ýurtlaryň ençemesinde alyp gaçylýan, çagalykda nikalaşdyrylýan ýa-da durmuşa çykmaga mejbur edilýän ýetginjek gyzlary jynsy zorlanmadan goraýan kanunlar hem kemçilik edýär. Ýanýoldaşyň zorlamasy kanunda gadagan edilen hem bolsa, bu hereket örän seýrek ýagdaýlarda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär ýa-da jezalandyrylýar. Ejiz statusly aýallar üçin jynsy zorlukdan goranmak ýa-da oňa duçar bolanlarynda adalatly kömek kabul etmek has-da kyn. Ejiz statusly hasaplanýan aýallar: maýyplygy bolan aýallar, etnik taýdan sany az toparlardaky aýallar, lezbian we biseksual aýallar we transgender kişiler, wagtlaýyn tussaglykdaky we tussaglykdaky aýallar, oba ýerlerinde we çet ýerlerde ýaşaýan aýallar, tenini satýan aýallar, adam söwdasynyň pidasy bolan aýallar, migrant zähmetkeşler, we AIW bilen ýaşaýan aýallar.

Ozalky Sowet Soýuzynyň düzüminde bolan 15 ýurt jenaýat kodekslerini, şol sanda kodeksiň strukturasyny, kanuny konseptleri we kesgitlemeleri galapyn ýa-da tutuşlaýyn Sowet döwründen miras alypdyr. Bu ýurtlaryň birinde pozitiw reforma geçirilse-de, ol beýleki goňşy ýurtlara reforma geçirmäge ylham we gollanma bolup biler – çünki şeýle waka 2017-2018 ýyllarda Orta Gündogar ýurtlarynda hem bolup geçdi. Ol ýyllarda Tunis, Iordaniýa, Liwan we Palestiniýa döwletleri biri-birinden görelde alyp, zorlan zenanyna öýlense zorlaýjyny jezadan azat edýän kanunlaryny ýatyrdylar.

Ýewraziýada jynsy zorluk hakyndaky kanunlar

Bu hasabatda 5 Ýewraziýa ülkesindäki – Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ukraina we Özbegistan – jynsy zorluga degişli kanuny kararlar syndan geçirildi. Synda jynsy zorluk jenaýatynyň kesgitlemelerindäki kemçilikler anyklanylýar we häzirki kanunlaryň nähili ýaramaz derejede ýerine ýetirilýändigine üns çekilýär. Kararlaryň rejelenmegi, şeýle-de kanuny reforma geçirip, onuň adam hukuklarynyň halkara standartlaryna laýyk getirilmegi maslahat berilýär.

Hasabatda gozgalýan meseleler:

↪ Jynsy zorluk jenaýatynyň kesgitlemesinde we manysynda iň gowy halkara we milli tejribelere esaslanmak.

↪ Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ukrainanyň we Özbegistanyň milli kanunlarynda jynsy zorlugyň kesgitlenilişi we bu kanunlary durmuşa geçirmekdäki bökdençlikler.

↪ Bu ýurtlaryň häzirki kanunçylygyny adam hukuklarynyň milli we halkara standartlaryna laýyklap rejelemek we pidalara/aman galanlara adalatly çözgütleriň hödürlenmesi üçin häzirki kanunçylyga başgaça many çaýmak.

↪ Ukrainadan beýleki ýurtlaryň kanunlarynda jynsy zorlugyň kesgitlemesinde adam hukuklarynyň milli we halkara standartlary bozulýar. Çünki olarda jynsy zorlugyň ähli görnüşleri jenaýat hasaplanmaýar we jezalandyrylmaýar – bu bolsa hukuk bozujylaryň jogapkärçilige çekilmezligine ýol açýar we pidalaryň/aman galanlaryň adalata bolan hukuklaryny kemsidýär.

↪ Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň kanunlarynda "zorluk" düşünjesine örän ýüzleý kesgitleme berlip, ol diňe adamy fiziki güýç ulanyp zorlamagy öz içine alýar, emma adama psihologik, ykdysady zyýan bermegi ýa-da adama basyş etmegiň islendik görnüşini öz içine almaýar.

↪ Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň kanunlarynda jynsy zorluga degişli kararlar adam hukuklarynyň halkara we milli standartlaryna gabat gelmeýär sebäbi olarda pidalaryň beden eldegrilmesizligine ýa-da jynsy ynsabyna hormat goýulmaýar we pidalara ýerlikli gorag üpjün edilmeýär. Hususan-da, jynsy hereketiň jenaýat hasaplanmagynda pidanyň razylyk bermezligi (hatda bu halkara standartlarda talap edilse-de) göz öňünde tutulmaýar. Oňa derek, hereketiň jenaýat hasaplanmasy üçin fiziki zorlamanyň, zorlama meýilli haýbatlaryň bolup geçendigine ýa-da pidanyň gowşaklyk ýagdaýyndan peýdalanylandygyna subutnama soralýar. Şeýle-de, milli we halkara standartlarda zorlama bilen deň derejede jenaýat hasaplanylýan mejbur etmek ýa-da basyş etmek arkaly baş goşulýan hereketler Gruziýada, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda kiçi görnüşli jenaýat hasaplanylýar we ýeňil jeza berilýär.

  • 625 gezek okalan