ÖZBEGISTANDA ÖÝDÄKI ZORLUK INDI JENAÝAT HASAPLANAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

ozbegistanda oydaki zorlukAýallara garşy zorluk Özbegistanda kök uran mesele bolup, ýurtda 2021-2022-nji ýyllarda 72,000 sany aýallara zulum edilme hadysasy hasaba alyndy. Zulumly hadysalaryň hem 85%-i maşgala içinde bolup geçipdir. Ýakynda geçirilen soragnama ýurtda her 3 aýaldan birine ýanýoldaşy tarapyndan we ýene şonçarak aýala gaýyn enesi tarapyndan azar berlendigini ýüze çykardy. Ýerli metbugatda bolsa, erkekleriň aýallaryny dürli hojalyk enjamlary bilen urup öldürendigi we çagalaryny gynandygy baradaky habarlary häli-şindi görmek bolýar.

Adam hukuklary boýunça iş alyp barýan halkara guramanyň 2022-nji ýylda çykaran hasabatynda özbek halkynda adatça zorlaýjynyň däl-de pidanyň günäkärlenýändigi aýdylýar. Özbegistandaky aýallaryň hukuklary üçin göreşýän aktiwistleriň aýtmagyna görä, ýurtda köp adamda "zuluma aýallaryň özleri günäkär" ýa-da "är-aýalyň arasynda dawa-jenjeliň bolmasy adaty zat" diýen düşünje bar.

Ýurtda aýallaryň hukuklary ugrunda göreşýän aktiwistler ençeme ýyllap aýal-gyzlaryň goraglylygyny we deňhukuklylygyny gazanmak üçin tagalla edip gelýärler.

↪ Ýyllarboýy dymyşlykdan soňra, diňe 2018-nji ýylda Özbegistanyň kanunçylygynda fiziki, psihologik, ykdysady we jynsy zorlugyň kesgitlemesi öz ornuny tapdy, emma kanunda heniz hem öýdäki zorluk düşünjesi kemçilik edýärdi.

↪ NeMolchi.uz kompaniýasy aýal-gyzlar üçin birek-birek bilen derdinişmäge we özleriniň ýeke däldigini birek-birege ýatlatmaga howpuz gurşaw hödürleýär.

↪ Nolalar.com saýtynyň düýbüni tutujy raýat jemgyýetiniň agzalary apreliň başynda ilatyň ünsüni aýallara garşy zorluga çekmek üçin Daşkentiň metrosynda kampaniýa gurnadylar. Metroda birnäçe hepdeläp "Zorluk medeniýetimize ýat" şygarly bannerler ýolagçylaryň dykgatyna ýetirildi.

↪  Martyň soňunda Özbegistanyň Ýokary mejlisiniň kanun çykaryjy bölümi aýallary we kämillik ýaşyna ýetmedikleri zorlukdan goramak maksady bilen ýurduň Jenaýat we Administratiw kodekslerine girizilmeli üýtgeşmeler toplumyny kabul etdi.

Ahyrynda, apreliň 6-na Özbegistan respublikasy Gruziýadan, Gyrgyzystandan, Moldowadan we Ukrainadan soňra Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde kanun taýdan öýdäki zorlugy aýratyn jenaýat hasaplaýan bäşinji döwlet boldy. Öýdäki zorlugy we onuň jezasyny kesgitleýän karar kanun çykaryjylar we aýallaryň hukuklaryny goraýan aktiwistler tarapyndan bilelikde işlenilip düzüldi.

Indi güýje girmesi üçin prezidentiň gol çekmegine garaşylýan bu täze kanunda häzirki ýa öňki ýanýoldaşyna, bile ýaşaşýan adamsyna ýa-da çagasynyň beýleki hossaryna zulum eden adamlara jerime ýa-da azatlykdan mahrum edilme jezasy kesilýär. Kanunyň ýene bir maddasynda kämillik ýaşyna ýetmedik adamy jynsy zorluga sezewar edenlere çagalar bilen aragatnaşygy öz içine alýan işlerde işlemek gadagan edilýär.

Özbegistanda aýallara garşy fiziki zorluk indi jenaýat hasaplanylyp başlan hem bolsa, adam hukuklary ugrunda göreşýän guramalar we aktiwistler ykdysady we psihologik zorluklaryň kanun taýdan çözülmedik mesele bolup galýandygyny belleýärler.

  • 578 gezek okalan