ÝALŇYZLYK – ILATYŇ SAGLYGYNA ABANÝAN ULY HOWP

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

yalnyzlyk uly howpABŞ-nyň ilat saglygy hyzmatlary boýunça ýolbaşçysy Wiwek H. Murthynyň duýduryş bermegine görä, amerikaly ulularyň ýarysyndan gowragy ýiti ýalňyzlygy başdan geçirýär. Munuň çynlakaý fiziki we ruhy täsirleri bolup, ilatyň saglygyna uly howp salýar.

9-njy maýda çap edilen saglyk maslahatynda, Murthy sosial çetleşmäniň dürli netijeleri, şol sanda ýokary töwekgelçilikleri barada duýduryş berdi:

↪ Ýürek keselleri29%, insult32% we demensiýa50%, şol sanda dartgynlylyk we depressiýanyň ýokarlanmagy.

Sebäpler: Murthynyň aýtmagyna görä, ýalňyzlyk epidemiýasy sanly we syýasy taýdan bölünen jemgyýetde kök urdy.

↪ 2003-2020-nji ýyllar aralygynda adamlaryň aýda dostlary bilen geçirýän wagty 20 sagat azaldy, aýda ýekelikde geçirýän wagtlary bolsa 24 sagat artdy.

↪ COVID-19 bu tendensiýany has-da güýçlendirdi.

"Sosial gurluşy düzetmeli": Murthy bu meselä garşy göreşmek üçin birnäçe işleri amala aşyrmaga çagyrýar:

↪ Sosial infrastrukturalara, şol sanda pyýada meýdançalary we seýilgähleri ​​köpeltmäge maýa goýmak, şeýle hem tölegli maşgala rugsadyny bermegi ýola goýmak.

↪ Ýalňyzlyk bilen bagly saglyk meselelerini ýüze çykarmak we çözmek üçin saglyk pudagyny enjamlaşdyrmak.

↪ Howpsuzlygy we aragatnaşyk saklamagy gowulandyrmak üçin tehnologiýany we sosial mediýany özgertmek.

Şahsy mesele: Murthynyň özi çagalykda ýalňyzlyk bilen göreşipdir. Şol sebäpli, ol bu meselä öňden bäri aýratyn üns berip gelýär.

Bu söhbetdeşligiň doly görnüşini Hopkins Bloomberg jemgyýetçilik saglygy žurnalynda okap bilersiňiz.

  • 547 gezek okalan