ÖNELGELIK ÝAŞYNDAKY AÝALLARDA GANAZLYGA GARŞY GÖREŞMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

ganazlyga garsy goresmekBSGG 2025-nji ýyla çenli önelgelik ýaşyndaky aýallarda ganazlygyň (anemiýa) artyşyny iki esse azaltmak üçin ilkinji köptaraplaýyn maksatnamasyny ýola goýdy.

BSGG-nyň iýmit we azyk howpsuzlygy bölüminiň direktory Françesko Branka: "Ganazlygy azaltmak boýunça öňegidişlik haýal we bütin dünýäde meýilleşdirilen global maksada ýetilmedi. Ganazlyk dünýä boýunça 571 million aýala we 269 million ýaş çaga täsir edýän global saglyk meselesidir. 2019-njy ýylda 6 aýdan 5 ýaşa çenli çagalaryň 40%-i, göwreli aýallaryň 37%-i we 15-49 ýaş aralygyndaky aýallaryň 30%-i ganazlyk bilen keselledi. Bu pes we orta girdejili ýurtlarda has giňden ýaýrandyr" – diýip belleýär.

BSGG-a görä, ganazlyk kesel ýokuşma we ölüm howpuny ýokarlandyrýar, kognitiw işjeňlige zyýan ýetirýär, ýiti ýadawlyga sebäp bolýar, göwreli bolmak ähtimallygyny kemeldýär, girdejiniň azalmagyna we ösüşiň peselmegine sebäp bolýar.

Brankanyň aýtmagyna görä, ganazlyk meselesini çözmek boýunça işleriň köpüsi demir ýetmezçiliginiň öňüni almaga we bejermäge gönükdirilýär. Emma, ganazlyk çylşyrymly kesel bolup, iýmit ýetmezçiligi, ýokançlyklar, çişme, ginekologiki we dogrumdan soňky ýagdaýlar we gyzyl gan öýjükleriniň nesil yzarlamagy ýaly sebäplerden döräp bilýär. Ganazlygyň öňüni almak we bejermek üçin bularyň ählisine üns bermeli.

BSGG täze maksatnamanyň ganazlygyň esasy sebäplerini, ýagny töwekgelçilik faktorlaryny we ýaýbaňlanan sosial deňsizlikleri çözmegiň ýollaryny kesgitländigini aýtdy.

BSGG birnäçe pudagy we gatnaşyjylary jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belläp, işleriň alnyp barlyşyny we keseliň öňüni alnyşy gowulandyrjak esasy ugurlary kesgitledi. Pudaklaryň we gatnaşyjylaryň içine hökümetler, raýat jemgyýeti, ylmy edaralar, ylmy barlagçylar, maliýeleşdiriş agentlikleri, halkara guramalar we mediýa girýär. Ganazlygy azaltmakda we adamlaryň saglygyny goramakda olaryň hersiniň aýratyn roly bar.

Çeşme: BSGG

  • 506 gezek okalan