M-MAMASYNYŇ ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝY SOŇLANDY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

M-mamasynyňm mamasy sonlandy halkara derejede ýaýramagyndan bir ýyl soň, BSGG bu ýokanjyň global saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý statusyny ýatyrdy.

BSGG waksinalar we bejergiler arkaly wirusa garşy göreşde yzygiderli öňegidişlikleriň gazanylandygyny belledi. Emma, alymlar esasanam Afrikanyň sebitlerinde heniz hem möhüm çeşmeleriň ýetmezçilik edýän ýerlerinde wirusyň gaýtadan ýaýramagyndan howatyrlanýarlar.

M-mamasy barada esasy maglumatlar:

↪ Bütin dünýäde 111 ýurtda 87,400 m-mamasy hadysasy tassyklandy. Ýurtlaryň köpüsi ozal wirus barada habar bermändiler;

↪ 140 hadysa ölüme sebäp boldy;

↪ Ýokançlyklaryň aglabasy erkekler bilen jynsy gatnaşykda bolan erkeklerde ýüze çykdy.

Adatdan daşary ýagdaýdan ünsden düşürmeklige tarap

Wirusyň öňüni almak üçin millionlarça waksina paýlandy, ýöne esasy baý ýurtlarda. Ençeme Afrika ýurtlarynda waksinalar entek hem az ýa-da elýetersiz.

Nigeriýada ýokanç kesel lukmany Dimie Ogoina: "Bu kesel 2022-nji ýylda ýaýramazyndan öň bolşy ýaly ýene-de ünsden düşüriler" – diýip, duýduryş berdi.

Waksinanyň täsiriniň uzak möhletleýin saklanýandygy ýa-da saklanmaýandygy näbelliligine galýar. Saglyk işgärleriniň aýtmagyna görä, tomsuň ýakynlaşmagy bilen, köpçülikleýin ýygnanyşyklar keseliň ýaýramagyna sebäp bolup biler.

  • 426 gezek okalan