TÄJIK MIGRANTLARYNYŇ AKYL SAGLYGYNYŇ KRIZISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

tajik migrantlaryn akyl saglygy10 million ilatly, pes-orta girdejili ýurt bolan Täjigistanda her ýyl 500,000 töweregi raýat işlemek üçin daşary ýurda gidýär. Bu ýurduň işçi güýjüniň bäşden bir bölegini düzýär. Zähmet migrantlarynyň 90%-den gowragy Russiýa, galan bölegi Gazagystana we beýleki ýurtlara gidýär. Zähmet migrasiýasy ýurduň ykdysadyýetine möhüm goşant goşýar. 2020-nji ýylda migrantlaryň ugradan pullary ýurduň Jemi içerki önüminiň (JIÖ) 27%-ini düzdi. Şeýle-de bolsa, migrantlaryň akyl saglygy we psihososial abadançylygy meseleleri ünsden düşürilýär.

2022-nji ýylda Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Täjigistandaky edarasynyň ýerli ministrlikler bilen hyzmatdaşlykda geçiren barlagy zähmet migrantlarynyň akyl saglygynyň gowşak taraplaryna düşünmegi maksat edindi. Olar barlagda jemgyýetçilik saglygy we lukmançylyk antropologiýasy usullaryny ulandylar. Şol sanda, barlaglara syn, ekspertler bilen söhbetdeşlikler we ýurduna dolanyp gelen migrantlar barada hil maglumatlary ýygnaldy. Barlag zähmet migrantlarynyň köplenç trawmatik hadysalara, ýokary streslere, potensial depressiýa we trawmadan soňky stres bozulmalaryna (TSSB) sezewar bolýandyklaryny hem-de akyl saglygy boýunça we psihososial goldaw hyzmatlarynyň elýetersizligini ýüze çykardy.

Täjigistanyň akyl saglygy hyzmatlaryny esasan döwlet sektory üpjün edýär. Esasy lukmançylyk idegini berýän saglyk işgärleri umumy akyl bozulmalaryna diagnoz goýup we depressiýany bejerip bilseler-de, olaryň zerur bilimi we ukyplary ýetmezçilik edýär. Mundan başga-da, Russiýada we Gazagystanda täjigistanly zähmet migrantlary bahalar we syýasy päsgelçilikler sebäpli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan çäkli peýdalanyp bilýärler. Gaýdyp gelen migrantlaryň ýokary stresleri we bejerilmedik akyl bozulmalary jemgyýetçilik saglyk meselesini döredýär. Meselä syýasatçylar we donorlar gyssagly üns bermelidirler.

Barlagyň esasy maslahatlary:

Syýasat işläp düzmek we mümkinçilikleri artdyrmak:

↪ Täjigistanda Milli akyl saglygy maksatnamasyny işläp düzüň we durmuşa geçiriň;

↪ Akyl saglygy we ilkinji lukmaçylyk kömegi üçin serişdeleri artdyryň;

↪ Akyl saglygy babatda maglumatlary ýygnamagy gowulandyryň we oňa migrasiýa tejribelerini goşuň;

↪ Dolanyp gelen migrantlaryň arasynda umumy akyl bozulmalarynyň gerimini bahalandyrmak üçin ýerli barlaglary geçiriň;

↪ Halkara kliniki protokollary kabul ediň we olary ilkinji lukmançylyk kömegine goşuň;

↪ Ilkinji lukmançylyk kömegini üpjün edýän lukmanlar, maşgala lukmanlary we newrologlar üçin akyl saglygy okuw-tejribe meýilnamalaryny işläp düzüň;

↪ Lukmançylyk uniwersitetlerinde kliniki psihologlar üçin bilim we tejribe meýilnamalaryny işläp düzüň;

↪ Akyl saglygy pudagynda GDA-nyň çäginde serhetaşa utgaşdyrmany güýçlendiriň.

Hyzmatlary üpjün etmek:

↪ Dolanyp gelen zähmet migrantlary üçin ilkinji lukmançylyk kömegini, jemgyýetçilik hyzmatlary we onlaýn maslahatlar ýaly hyzmatlary aňsat elýeterli ediň;

↪ Ilkinji lukmançylyk we ýöriteleşdirilen akyl saglygy idegini gowulandyrmak üçin olary utgaşykly alyp baryň;

↪ Goldaw toparlary we gurnaklar ýaly çärelere gatnaşmak üçin migrant merkezlerini we jemgyýetçilik esasly maksatnamalary dörediň;

↪ Jemgyýetde akyl saglygy meseleleriniň arkaýyn gürleşilmegi we onuň adatylyga öwrülmegi üçin habar beriş we bilim maksatly maksatnamalary işläp düzüň;

↪ Umumy ilat we gaýdyp gelen migrantlar üçin onlaýn goldaw toparlaryny dörediň we psihologlary bu toparlara ýolbaşçylyk etmäge çagyryň;

↪ Dini liderler bilen psihososial abadançylyk we akyl saglygy barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin işleşiň.

Toplumlaýyn çemeleşme:

↪ Akyl saglygy we psihososial goldaw (ASPSG) komponentlerini öňki ýagdaýa dolanyp gelme we täzeden integrirleme programmalaryna goşuň;

↪ Döwlet işgärleri we döwlete dahylsyz işgärler bilen pasiýentleriň bir saglyk edarasyndan beýlekä geçirilmegi üçin ýerlikli prosesi we hyzmatdaşlygy ýola goýuň;

↪ Ýurduna gaýdyp gelenler we olaryň maşgalalary üçin migrasiýa tejribesiniň psihologik täsirleri we bar bolan ASPSG barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça maglumat materiallaryny taýýarlaň;

↪ Tejribeli psihologlaryň kömegi bilen, Täjigistanyň dürli sebitlerinde gaýdyp gelen migrantlaryň arasynda okuw sapaklaryny geçiriň we goldaw toparlaryny dörediň.

  • 285 gezek okalan