PLANETAMYZYŇ SAGLYGY SEKIZ ESASY GÖRKEZIJINIŇ ÝEDISINDE ÝARAMAZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

planetamyzyn saglygyÝer ulgamynyň durnuklylygy, çydamlylygy we adamlaryň abadançylygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Emma, olaryň özara baglanyşygyna kembaha garalýar. Ýer komissiýasynyň çap eden barlagy adam işjeňligi sebäpli planetanyň howpsuzlygynyň we kada laýyklygynyň 8 sany täze görkezijisiniň 7-sinde dünýäniň howply derejä ýetendigini ýüze çykardy. Bu görkezijiler klimatyň üýtgemegini, suwuň elýeterliligini, ýokumly maddalaryň ekosistema dargaýşyny, ekosistemanyň öndürijiligini we aerazol hapalaryny öz içine alýar.

Klimat: Häzirki global maýylganlyk derejesi 1.2 ° C bolup, jöwzaly yssa, gurakçylyga we suw joşmalaryna sebäp boldy. Komissiýa howpsuz we kada laýyk maýylganlygyň 1 ° C-dan geçmeli däldigini nygtaýar. Munuň üçin atmosfera düşýän CO2 zyňyndylaryny azaltmak üçin ep-esli tagalla etmek zerur.

Ekosistema: Komissiýa planetamyzyň 50-60%-iniň tebigy ekosistemalardan düzülmegini maslahat berýär. Häzirki wagtda, onuň derejesi bary-ýogy 45-50%. Ekerançylyk meýdanlary, şäherler we senagat toplumlary ​​ýaly, adamlaryň üýtgeden ýerleriniň 20-25%-i seýilgähler, agaç baglary ýaly ýarym tebigy gurşawy öz içine almaly. Ýöne, häzirki wagtda şol ýerleriň üçden iki bölegi bu derejä laýyk gelmeýär.

Aerozol hapalary awtoulag gazlaryndan, zawodlardan, kömürden, nebit we gaz elektrik stansiýalaryndan çykýan zyňyndylardan emele gelýär. Ýerli derejede bir kub metre düşýän PM2.5 maddalaryň mukdary ýylda ortaça 15 mikrogramdan geçmeli däl. PM2.5 gaty bölejikler öýkene we ýürege zyýanly howa hapalaýjylardyr.

Ýerüsti suwlar: Derýa we çeşme akymlarynyň 20%-den artygy suw howdanlarynda saklanmaly däldir. Çünki, bu suwuň hiliniň peselmegine we süýji suwda ýaşaýan jandarlaryň görnüşleriniň ýitmegine sebäp bolýar. Bu howpsuz serhet gidroelektrik bentleri, zeýkeş ulgamlary we gurluşyklar arkaly, dünýäniň ýerüsti suwlarynyň üçden birini aşdy.

Ýerasty suwlar: Howpsuz serhet ýeriň suw bardasyny dikelip ýetişmezden ozal ýerasty suwlary çalt sarp etmezlikdir. Ýöne, dünýädäki derýa jülgeleriň 47%-i örän tiz ulanylýar.

Ýokumlar ýene bir meseledir. Sebäbi baý ýurtlaryň daýhanlary ösümlikleriň we topragyň siňdirip biljek derejesinden has köp azot we fosfor sepýärler. Garyp ýurtlaryň daýhanlaryna köpräk dökün zerur. Baý ýurtlar bolsa dökünleriň artykmaç ulanylmagyny azaltmaly. Deňagramlylygy saklanymyzda, bu babatda howpsuz serhet dünýäde 61 million tonna azotyň we 6 million tonna fosforyň peýdalanylmagydyr.

Ýer komissiýasynyň bu barlagy ýazmak bilen maksady: Gelejekki nesli durnukly ösüş maksatlaryndan we tejribelerinden habardar etmek hem-de barlagyň netijelerine esaslanyp, şäherleri, kärhanalary we adamlary çäre görmäge höweslendirmekdir.

  • 276 gezek okalan